Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Uzak ýaşaň Arkadag! - Toýly Jänädow ✦ ✦ Bir gektar ýerdäki ösümlikler näçe kislorod öndürýär? ✦ ✦ Ekerançylyk medeniýetiniň gözbaşy ✦ ✦ Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri ✦ ✦ 1 million tonnadan gowrak bugdaý Watan harmanyna tabşyryldy ✦ ✦ Medeniýetiň sarpalanýan diýary ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsümi başlandy ✦ ✦ «Magtymguly» diýip adym tutsalar... ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap durmuşyň nusgasy ✦ ✦ Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi dowam edýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Magtymguly» diýip adym tutsalar...
  25.06.2024
51
«Magtymguly» diýip adym tutsalar...

2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň ýolbaşçysynyň, deputatlaryň we halkymyzyň geljek ýylyň şygary hem-de nyşany baradaky beýan eden teklibini makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi.

 

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi üç ýüz ýyl wagt bäri öz ady bilen hem-de gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen türkmen edebiýatynyň şuglasy hökmünde öçmejek yz galdyrdy. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Mähriban halkynyň bagtyýar, asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasada we ýokary paýhas duýgularyna ýugrulan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy.

 

Akyldar şahyryň goşgulary XX asyrda dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi, birnäçe gezek türkmen diline neşir edildi we neşir edilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, üns aladasy netijesinden milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, olary geljekki nesillere wagyz etmek, bize miras galan paýhasly hazyna bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine hormat goýmak, ony yzygiderli öwrenmek bu günki gün uly borç bolup durýar.

 

Ine şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylyň şygary bilen baglanyşykly, akyldar şahyryň ömri we döredijiligini beýan edýän sergi gurnaldy.

 

Sergide muzeýiň gaznalarynda goralyp saklanylýan gymmatlyklardan haly önümlerine degişli bolan şekilli halylara, Magtymguly Pyragynyň ömür ýolyny, nesil sejeresini, dünýä ýüzüne syýahat eden kartasyny, onuň kesp-kärini görkezýän maddy gymmatlyklar serginiň görnükli ýerinden orun berildi. Şeýle-de, Magtymguly Pyragynyň şekili berlen heýkeller we nakgaş eserler sergimizi has hem baýlaşdyrdy. Şu ýerde segimizinde has ünsüňi özüňe çekýän, ýagny Aýhan Hajyýewiň we Myratmergen Kulyýewiň nakgaş eserleri barada belläp geçesim gelýär.

 

Aýhan Hajyýew Magtymguly Pyragynyň portleriniň birnäçe nusgalaryny çekipdir, şol nusgalaryň biri hem Türkmenistanyň Döwle medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznasynda goralyp saklanylýar. Suratkeşiň bu eseri ýylyň şygary bilen baglanyşykly gurnalan sergide mynasyp orun alaýar. A.Hajyýewiň sergide görkezilen kanunlaşdyrylan “Magtymgulynyň portreti” atly eseri 1948-nji ýylda kendir, ýagda çekilip, bu serginiň esasyny düzýär. Taryh türkmen poeziýasynyň nusgawy şahyrynyň keşbini biziň günlerimize ýetirip bilmändir. Onuň keşbini millionlarça ynsanlaryň göz öňünde ilkinji gezek janlandyran Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewdir. Suratkeş şahyryň dana, synlaýjy, döredijilik ylhamy bilen doly we içki dünýäsi şahyrana ýanyp duran ýüz keşbini döretmegi başarýar. Portretde reňklere uly orun berilipdir. Awtor şahyryň portretinde dartgynly öwüşgün berýän ýakymly, altynsöw-goňur we gyzyl reňkleri ulanypdyr. Bu reňkler romantik tolgunma duýgularyny güýçlendirýär we döwrüň geçip gidenligi barada düşünje döredýär. Portretde dogumlylyk, durulyk, ýitilik duýulýar.

 

Şeýlede sergide Myratmergen Kulyýewiň “Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp eseri kendir, ýagda çekilipdir. Eserde nakgaş sowuk we ýyly reňkleriň sazlaşygy esasynda geçmişiň we şu günüň beýanyny ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Düýe kerwenleriniň şekili akyldar Magtymgulynyň jahankeşde hökmünde ýer ýüzüni aýlanyp geçendigini, belent girelgedäki äpet kitap tekjesindäki gymmatly ençeme kitaplaryň onuň okymyş, ençeme bilimlerden baş çykarýan, dana şahsyýetdigini aýdyň subut edýär. Eserde bäş sany ýyndam türkmen bedewiniň gül-gülälekli meýdanda öňe çapyp barýan görnüşi ýaş türkmen döwletimiziň diňe öňe sary ösüş depginini görkezipdir. Akyldar Magtymguly Pyragynyň dogduk mekany Garrygala sebitiniň miweli daragty nar agajynyň hem-de onuň filosofiki pähim-parasada ýugrulan döredijiliginiň üzüm agajynyň çylşyrymlylygy ýaly çuňňur düşünjelerden ugur alýandygy baradaky pikiri tomaşaça anyk ýetirmegi başarypdyr. Suratyň beýleki tarapyndaky bugdaý sümmüliniň meýdany bolsa “Ak bugdaýyň Watany” bolan mukaddes topragymyzy, planetalaryň keşbinde bolsa tomaşaçy beýik türkmen akyldarynyň dünýä edebiýatyna goşan uly goşandy we bütin ýer-ýüzüniň filosofiýasynda hem-de nusgawy edebiýatynda baky yz galdyran beýik Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dabaralanýandygyna göz ýetirýär. Eseriň aşaky bölüminde Magtymgulynyň ilkinji halypasy, mähriban kyblasy Döwletmämmet Azadynyň hem-de oglanjygyň keşbiniň berilmegi, ägirt söz ussatlarynyň ikisiniň hem oglan okadandyklaryny habar berýär. Türkmeniň milli buýsanjy bolan türkmen halysynyň üstünden öňe tarap, halkymyzyň milli häsiýetine mahsus agras, parasatly we buýsançly başyny dik göterip gelýän beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň belent keşbi ussatlarça şekillendirilipdir.

 

Söz ussady Mämmetweli Keminäniň akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň kämil şahsyýetine we ýokary döredijiligine bagyşlap ýazan ajaýyp setirleri serginiň umumy mazmunyny özünde jemleýär:

 

Köp wakalar görüp gitdi,
Olar hakda durup gitdi,
Söz meýdanyň oragyny
Magtymguly orup gitdi.

 

Halkymyzyň aňynda, ynam-ygtykadynda öçmejek yz galdyran beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň, belent ynsanperwerlik ýörelgesiniň ähmiýeti örän uludyr. Ussat suratkeşleriň çeken eserleri ýaş nesillere baý geçmiş taryhymyzy çuňňur öwrenmekde, milli mirasymyza sarpa goýmakda we ýaşlara watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak çeşmedir.

 

Gülälek Mämiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň bölüm müdiriniň orunbasary.