Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ynsan kalbynyň nury kitap ✦ ✦ “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar! ✦ ✦ Bitarap Türkmenistanyň şanly menzilleri ✦ ✦ Arkadag şäheri — bagtyň nury ✦ ✦ Iň ýaş botanika baglary ✦ ✦ Dokma önümçiligi: Aýratyn Sungat ✦ ✦ Dünýäniň iň uly gidrostansiýasy ✦ ✦ Iň uly akwarýumlar nirede ýerleşýär? ✦ ✦ Oňyn hyzmatdaşlygyň binýady – suw diplomatiýasy ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Maglumat ulgamlary häzirki döwrüň möhüm pudagy
  03.11.2024
185
Maglumat ulgamlary häzirki döwrüň möhüm pudagy

Häzirki döwürde ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazanan üstünlikleriniň esasynda durmuşyň ähli gurşawlarynda täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyryldy. Netijede maglumat ulgamlarynyň hem ösmegine getirdi.

 

Informatika ylmynda “ulgam” adalgasy giňden peýdalanylýar. Bu adalga informatikanyň dürli şahalarynda dürlüçe manyny aňlatmakda ulanylýar.“Ulgam” adalgasy bilen “maglumat” adalgasynyň birleşmesinden emele gelen “maglumat ulgamlary” söz düzümi informatikada giňden ulanylýan düşünjedir.

 

Maglumat ulgamy – öňde goýlan maksada tarap okgunly hereketde maglumatlary ýygnamak, bermek, gaýtadan işlemek üçin usullaryň, serişdeleriň, hünärmenleriň özara baglanyşykly toplumydyr.Maglumat ulgamy öz gezeginde şu aşakdaky böleklerden durýar: 

- Apparat üpjünçiligi – kompýuterler, aragatnaşyk serişdeleri, tehniki gurluşlar. Bu serişdeler maglumat ulgamyny herekete getirýärler. 

- Programma üpjünçiligi – programmalar, hyzmatlar. Işi ýerine ýetirmek üçin maglumatlary gaýtadan işleýärler, meseleleri çözýärler.

- Maglumatlar – ulgamda gaýtadan işlenýän we saklanýan maglumatlar. Maliýe hasabatlary, tükelleýiş işleri we beýlekiler.

- Hadysalar – Maglumatlary gaýtadan işlemegi we peýdalanmagy kesgitleýän hadysalaryň toplumy.

- Adamlar – operatorlar, maglumatlardan peýdalanyjylar, 

 

Informatika ylmynda maglumat ulgamlary “guramaçylyk serişdeleri” bilen bilelikde maglumatlary gaýtadan işleýän ulgamdyr. “Guramaçylyk serişdeleri” hökmünde adamlar, tehnika, maliýe serişdeleri çykyş edýärler. “Guramaçylyk serişdeleri” maglumat üpjünçiligine gatnaşýarlar we maglumatlary ýaýradýarlar. Netijede “maglumat önümleri” bolup çykyş edýän resminamalar, maglumat  toplumlary, maglumat hyzmatlary jemlenýär. 


Başga söz bilen aýdanymyzda maglumat ulgamlary - hasaplaýjy tehnikalary we aragatnaşygy peýdalanmak arkaly maglumat hadysalaryny sazlaýjy maglumatlaryň we maglumat tehnologiýalarynyň tertipleşdirlen görnüşidir. Maglumat ulgamlarynyň düzümi üç bölekden ybarat: maglumatlar, meýilnama serişdeleri, peýdalanyjylar. Islendik maglumat ulgamynda maglumatlary saklaýjy gurluşlar gurnalandyr. Maglumat ulgamlary islendik işiň barşynda meseläniçözmek üçin zerur bolan maglumatlary bermegi, taýýarlamagy, saklamagy, ýygnamagy üpjün edýär. 

Mähri DAŇATAROWA
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we
informatikasy kafedrasynyň mugallymy