logo

Latest news:
✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦
Home / Sports /Lionel Messi futbol karýerasyndaky 1000-nji oýnuny oýnady
  05.12.2022
1268
Lionel Messi futbol karýerasyndaky 1000-nji oýnuny oýnady

Argentinaly ýyldyz futbolçysy Lionel Messi, öz karýerasyndaky 1000-nji oýnuny oýnamak bilen möhüm üstünlik gazandy.

2022-nji ýyldaky FIFA dünýä çempionatynda Argentina 16-njy tapgyrda Ahmed bin Ali stadionynda Awstraliýa bilen bäsleşdi.

Dünýä çempionatyna soňky gezek gatnaşýan we çempionlykdan lezzet almak isleýän Messi, öz karýerasyndaky 1000-nji oýnuny Awstraliýa garşy oýnap möhüm yz galdyrdy.

35 ýaşly Messi milli ýygyndy topary üçin 169, «Barcelona» we «Paris Saint-Germain» üçin 831 oýun oýnady. Bu oýunlarda ýyldyz futbolçy jemi 788 topy tora saldy.

Belläp geçsek, Lionel Andrés Messi - 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda  Argentinanyň Rosario şäherinde dünýä indi. Messi futbol dünýäsine 8 ýaşynda Rosario şäheriniň milli ýygyndy topary bolan «Newell's Old Boys»-da başlady.

Ol heniz 21 ýaşyndaka, «Ballon d'Or» we FIFA-nyň ýylyň futbolçysy baýraklaryny almagy başardy. 2004-2005-nji ýyllarda ilkinji gezek «Barcelona» milli ýygyndy toparynyň formasyny geýen Messi - La Liga-da top geçiren iň ýaş oýunçy boldy. 

 

Reşit MÖJEKOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.