Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ HGI-de halkara okuw-usuly maslahat geçiriler ✦ ✦ Türkmenistanda halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler ✦ ✦ Balkanly dokmaçylaryň zähmet üstünligi ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy Malaýziýada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça olimpiada geçiriler ✦ ✦ Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehin soraglary boýunça olimpiada guraýar ✦ ✦ Ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk ✦ ✦ Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi ✦ ✦ Türkmen-amerikan bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Saglyk /Limon: saglyga peýdaly, gadymy miwe
  30.10.2024
331
Limon: saglyga peýdaly, gadymy miwe

Limonyň asyl watany Hindistan hasaplanyp, käbir ýurtlarda “hindi almasy” diýlip atlandyrylýar. Bu miwe adamzat tarapyndan üç müň ýyl mundan ozal saglyga peýdalydygy üçin ulanylypdyr. Gadymy Müsürde limon şiresi sarymsak bilen garylyp, bedeniň güýjüni artdyrmak, immuniteti güýçlendirmek we zeperlenmeden goramak üçin içilipdir. Grekler limona “altyn alma” diýip, uzak ýaşamaga we saglyk saklamaga kömek edýändigine ynanypdyrlar.

 

Limon XI asyrda Hytaýda dermanlyk maksatly ulanylyp başlanypdyr. C witamini köpdügi üçin limon garamükür keseliniň öňüni almakda peýdalanylypdyr. Şeýle hem limon immuniteti güýçlendirýär, agyr kesellerden goramakda we işe ukyplylygy artdyrmakda peýdaly. Limonly çaý üsgülewügi bejermekde, şeýle hem irden açkarnyna limonly suw içmek horlanmak isleýänlere maslahat berilýär. Häzirki wagtda dünýäde limon öndürmekde Hindistan we Meksika öňdeligi saklaýar. Limon agajy 30-40 ýyl ömür sürüp, her ýylda 300-e golaý miwe berýär.
 

Mähri Orazowa
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.