Lemanyň çigildemi (Tulipa Lehmanniana. Merkl.), ýa-da oňa ilat arasynda sary çigildem hem diýilýär.Ol türkmenistanyň iň owadan, ir gül açýan yaz gülleriniň biridir. Bu otjumak soganly ösümlik Liliýalar maşgalasyndan bolup, ol efemeroidlere degişlidir. Türkmenistanyň ösümlik dünýäsinde Liliýalar maşgalasy giňden ýaýrandyr. Çigildemlerden başga- da köplenç däligöjele (merendera), çyryş (eremurus), gaz sogany (gagea) ýabany görnüşinde ösýärler, her urugynda birnäçe görnüş bardyr.
Lemanyň çigildeminiň taryhy örän uzaklara siňip gidýär. Çigildemiň görnüşiniň gelip çykyşy barada takyk maglumatlar yok..Umuman aýdyşlaryna görä, "тюльпан” sözi "toliban" ýa-da "turban” diýen pars sözünden emele gelip, käbir göçme türki taýpalarynyň dilinde heniz hem "läle" diýlip aýdylýar. Gülüň gunçasynyň bu ady alanynyň sebäbi, onuň görnüşi Gündogar ýurtlarynda başa geýilýän çalmasyna meňzeşligi üçin şeýle atlandyrylypdyr. Bütin dünýäde ösümlikleriň toparlara bölünişinde 80-den gowrak çigildemleriň görnüşleriniň bardygy belli bolup, Türkmenistanda olaryň 16 görnüşi ösýär, mysal üçin Guşgy, beýik, özbek, Tubergeniň çigildemi we beýlekiler.
Taryhy maglumatlara laýyklykda, Peterburgyň Botanika bagynyň tabşyrygy boýunça ilkinji bolup biolog Aleksandr Leman (1814-1842) Orta Aziýanyň ösümlikleriniň nusgalaryny toplapdyr. Soňra, rus botanigi, Peterburgyň Imperatorlygynyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzasy bolan Karl Yewgenýewiç (fon) Merklin 1851-nji ýylda bu ösümligi beyan edipdir. Urugynyň adyna Aleksandr Lemanyň hatyrasyna onuň adyny dakypdyrlar, onuň ylmy işleri Peterburgyň Ylymlar akademiýasynda bilinýär.Lemanyň çigildemi deňiz derejesinden 400-800 metr beýiklikde ösýär. Türkmenistanda, esasan hem Mary welaýatynda, has takygy Guşgy we Murgap derýalarynyň aralygynda ýaýrandyr. Lemanyň çigildemi esasan hem pes dagly eňňitlerde, maýda daşly we çägesöw çagylly topraklarda, dürli reňkli dag jynslarynyň açylan ýerlerinde ösýär. Bu çigildem soganjyklar we tohumy bilen köpelýär. Howanyň amatly şertlerinde Lemanyň çigildemi 35 sm çenli boý alyp bilýär.Häzirki wagtda Lemanyň çigildemi "Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna" girizilen.
Altyn MÄMMETBERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.