logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Lebap welaýatynda duş gelýän toprak görnüşleri
  17.12.2023
876
Lebap welaýatynda duş gelýän toprak görnüşleri

Türkmenistanda topraklaryň ençeme görnüşleri duş gelýär. Olar 2 topara bölünýär: dag topraklary we düzlük topraklary.

 

 

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda has giňden ýaýran toprak görnüşlerine:

  • Açyk mele topraklar – Köýtendag öňi tekiz düzlükde, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýär. Ýerasty suwlary orta we güýçli minerallaşan we ol 10-15 metr çuňlukda ýerleşýär. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Köýtendag, Nyýazow we Hojambaz etraplarynyň topraklary dürli - dürlüligi bilen tapawutlanýar. Açyk mele topraklaryň profilinde ýokarky gatlak toýunsow we seýregräk toýun gatlagy bilen örtülýär. Aşaky (2-3 m) gatlaklar esasan ýeňil mehaniki düzümi bolan topraklarda düzülýär. Bu ýeriň 40 müň gektar golaý ýerleri şorlaşmadyk we çala şorlaşan (dykyz galyndy 0,1-0,3% aşaky gatlaklarda 2%-e çenli artýar).

 

Umumy 118 müň gektar ýer bolup, şondan esasan açyk mele topraklar ilkinji özleşdirmäge ýaramly ýerler hasaplanýar, ikinji ýerde takyr görnüşli topraklar durýar.

 

  • Takyr görnüşli topraklar. Köýtendag öňi dagetek düzlükde we Darganata etrabynyň çäginde duş gelýär. Olaryň ýüzi 2-3 sm galyňlykda berk bolmadyk gatlajyk bilen örtülýär. Onuň aşagynda 30-40 santimetre çenli duzly, dykyz, gurak gatlak ýerleşýär. Şorlaşmany esasan hlor-iony (ýokarky gatlakda) döredýär, aşaky gatlaklarda sulfatly hlor şorlaşmasy ýüze çykýar.
  • Ekerançylykdan taşlananyna köp wagt geçmedik takyrsow topragyň ýokarky gatlagynda (0-30 sm) siňdirilen esaslaryň düzüminde kalsiý (80%) we ondan soňra magniý agdyklyk edýär. Çüýrüntgi ýokarky gatlakda 1,2%, aşakda 0,6 % derejesinde saklanýar. Täze özleşdirilýän takyrsow topraklarda 1,0% golaý çüýrüntgi saklanýar.

 

Öwez Baýjanow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.