logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Society /Küştçi gyzyň üstünligi
  15.02.2021
1101
Küştçi gyzyň üstünligi

      Küşt oýny iň gadymy hem-de dünýäde meşhur oýunlaryň biridir. Adamyň aňyny we pikirlenişini kämilleşdirýän bu oýun bilen uly ýaşly adamlar, çagalar hem uly gyzyklanma bilen meşgullanýarlar. Ýurdumyzda hereket edýän küşt mekdepleriniň ýetişdirýän ökde küştçileriniň sany gün-günden artýar. Ol türgenlerimiziň biride Ogulsuraý Baýrambaýewadyr.

         Ogulsuraý 2003-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglup, çagalar bagyna gatnaýan döwründe şaşka boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukybyny açyp başlaýar. Gyzynyň şaşka oýnuna höweslidigine göz ýetiren ejesi alty ýaşyna ýeten Ogulsuraýy ilkinji gezek küşt we şaşka mekdebine äkidýär. Ol ýerde tejribeli tälimçi Serdarguly Baýramsähedowyň tälim bermeginde Ogulsuraý küşt oýnunyň dürli tärleri, inçe syrlary bilen tanyşýar. Sportuň bu görnüşine gün geçdigiçe ökdeleýän Ogulsuraý mekdep, şäher, soňra bolsa döwlet derejesindäki ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolýar.

     Häzirki wagtda Ogulsuraý okuwdan boş wagtlary paýtagtymyzdaky Küşt we şaşka mekdebine gatnaýar. Küşt boýunça dünýä çempiony norwegiýaly Karlsen Magnusy görelde mekdebi hasaplaýan Ogulsuraý sport ussatlygyna dalaşgärligi gazanmagy öz öňünde maksat edip goýýar. Bu maksadyna ýetmek üçin türgenleşiklere yzygiderli gatnaýar we geljekde dünýä çempiony bolmagy arzuw edýär. Biz hem onuň bu arzuwyna wysal edip, ata Watanymyzyň sport abraýyny şöhratlandyrjak türgenleriň biri bolup ýetişmegini arzuw edýäris!

Ogulsuraý Baýrambaýewanyň gazanan ýeňişleri:    

  • 2012-nji ýylda Aşgabat şäheriniň birinjiliginde II orun;
  • 2013-nji ýylda Aşgabat şäheriniň birinjiliginde III orun;
  • 2018-nji ýylda Türkmenistanyň birinjiliginde II orun;
  • 2019-njy ýylda Türkmenistanyň birinjiliginde I orun;
  • 2019-njy ýylda Aşgabat şäheriniň birinjiliginde I orun;
  • 2020-nji ýylda Türkmenistanyň birinjiliginde II orun;
  • 2020-nji ýylda Türkmenistanyň birinjiliginde I orun;