Ýagny bagtyýarlyk döwrümizde güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde asyrlara ýaň salýan işler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine biz Köýtendagyň merjen dürleri kibi gözelliklerini synlanymyzda hem muňa göz ýetirýäris. Köýtendagyň geriş-geriş bolup gidýän salkyn howaly jülgeleri, gat-gat beýgelip asman gümmezleri bilen bäsleşýän dag kökenli dereleri, derde derman çeşmeleridir kölleri, ajaýyp ertekini ýadyňa salýan dagasty gowaklary, dinozawrlaryň dag belentliginde müdimilik möhür bolup galan yzlary görenleri haýrana goýýar. Tebigatyň gudrat bilen eçilen şeýle täsin ýerlerini bir gezek gören syýahatçylar bu ýerlere ýene-de gelmegiň höwesi bilen ýaşaýar. Ajaýyp tebigatly Köýtendagyň emele geliş taryhyndan başlap, bu ýerde her ädimde duş gelýän açylmadyk syrlar, görülmedik gözellikler, öwrenilmedik täsinlikler kalbyňa sazlaşyk mukamy bolup ornaşýar. Köýtendagyň täsin tebigy toplumy özüniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýokary derejedäki dürlüligi, belli bir geografik çäklerde ýaýran gadymy döwürlerden saklanyp galan görnüşleriniň köp mukdardalygy, şeýle hem dürli öwüşginli tebigy görnüşlere we ösümlik toparlanmalaryna diýseň baýlygy bilen tapawutlanýar. Türkmen topragynyň täsin galdyrýan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ençemesini özünde jemleýän meşhur Köýtendag, gözelligi bilen haýran galdyrýan Garlyk gowaklary, galyberse-de, dinozawrlaryň yz galdyran ýeri hökmünde, tutuş dünýäde şöhratlanýan Hojapil halkara syýahatçylyk merkezine öwrülmäge mynasypdyr. Şol sebäpli, soňky döwürde Köýtendag sebitiniň tebigy toplumynyň açylmadyk syrly täsinliklerini gorap saklamaklyga hem-de çuňňur öwrenmeklige aýratyn ähmiýet berlip başlandy. Türkmen topragy özboluşly we örän baý tebigatly jahanyň biodürlülik merkezleriniň biridir. Biziň ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetiki serişdeleri örän täsindir. Diýarymyzda ýerli ösümlikler we haýwanlar, aýratyn hem, olaryň seýrek duş gelýän we gymmatly görnüşleri örän köpdür. Galyberse-de, Türkmenistan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini emele getiriji merkezleriň biri hasaplanylýar. Şonuň ýaly-da dünýäniň durnukly we sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hataryna goşulan Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülen Köýtendag sebitini iri senagat hem-de halkara syýahatçylyk merkezine öwürmek, dünýäde deňitaýy bolmadyk tebigy ýadygärliklerimizi gorap saklamak, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, güneşli Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigat mirasynyň sanawyna goşmak, bu ýerleriň tebigy täsinliklerini bütin dünýä wagyz etmek, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat baýlygy hökmünde dünýä halklaryna elýeterli etmek ugrunda ulgamlaýyn işler alnyp barylýar.