logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Kosmos kanunlaryna görä, Aýyň eýesi kim?
  12.05.2023
1572
Kosmos kanunlaryna görä, Aýyň eýesi kim?

Aý ýa-da beýleki asman jisimleriniň eýesi barmy? Elbetde bu soragyň jogaby ählimize gyzykly bolsa gerek. Geliň, onda öwreneliň!

 

«NASA» we «ESA»-nyň Artemis maksatnamasyna görä, 2030-njy ýyla çenli Aý bilen baglanyşykly has köp gözleg merkezlerini döretmek şeýle-de Aýda ýaşamak üçin şert döretmek maksat edinilýär. Hytaýyň Milli kosmos dolandyryşy we Russiýanyň Federal kosmos gullugy hem 2030-njy ýyla çenli öz Aý bazalaryny gurmak meýilnamalaryny yglan etdiler.

 

Häzirki wagtda Aýyň üstünde iki ýurduň baýdagy pasyrdaýar. ABŞ-nyň we Hytaýyň baýdaklary Aýyň üstünde oturdylan hem bolsa, bu döwletleriň Aýyň eýesidigini aňlatmaýar.

 

Giňişligi düzgünleşdirýän kosmos kanunyna görä, kosmosda käbir eýeçilik düzgünleri bar. Düzgünler asman jisimlerine eýeçiligiň aç-açan öňüni alýar we olaryň ulanylmagyny ähli adamlara elýeter edýär. Bu kanun asman jisimlerinde magdan gazyp almak ýaly emläk hukuklaryna we çärelere-de rugsat berýär.

 

ESA-nyň halkara jemgyýetçilik hukugynyň başlygy Alexander Soucek: « - Aý, Mars ýa-da beýleki asman jisimlerine eýeçilik etmek mümkin däl. Bir millet Aýda baýdak dikip biler, ýöne munuň kanun taýdan manysy ýa-da netijesi ýok. Bu bilen baglanyşykly ýagny, hiç bir ýurt Aýda özygtyýarlylygy talap etmezligi şeýle-de ony öz territoriýasy diýip eýe çykmagy gadagan edýän Daşarky kosmos şertnamasy bar. Bu kanun hususy kompaniýalary hem öz içine alýar.» - diýip belläp geçýär.

 

Aýlar JUMEŞOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň talyby.