Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Syýasat /Köpasyrlyk arzuwyň aýdyň dabaralanmasy
  16.05.2024
438
Köpasyrlyk arzuwyň aýdyň dabaralanmasy

Mähriban halkymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi uly şatlyk, buýsanç we guwanç bilen belleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy dünýä tejribesini öz içine alyp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň möhüm esaslaryny özünde jemleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasynda: «Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary — Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr» diýlip bellenilýär. Özünde mähriban halkymyzyň ähli mukaddesliklerini jemleýän Döwlet baýdagymyz her bir türkmenistanlynyň beýik buýsanjyna öwrüldi. Köpetdagy etekläp oturan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň günortasynda, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen, boýy 133 metre barabar bolan Baýdak sütüni 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda uly dabara bilen dikildi. Döwlet baýdagymyzyň ýerligi ýaşyl reňk bolup, ýaşaýşy, gözel tebigaty şöhlelendirýär.

 

Ýaşyl reňk — geljege bolan uly umydyň, ynamyň nyşanydyr. Döwlet baýdagymyzyň gyzyl-gyrmyzy böleginde bäş sany ajaýyp haly göli ýerleşdirilendir. Bu göller türkmen milletiniň uly taryhy geçmişiniň gadymyýetden gaýdyp, şu günki günde bitewüliginiň, agzybirliginiň we jebisliginiň kepilidir. Gyzyl-gyrmyzy bölekde ýerleşen ajaýyp gölleriň aşagynda iki sany zeýtun baldajygynyň şekili bardyr. Bu baldajyklar parahatçylygyň, asudalygyň we döwlet Bitaraplygymyzyň dabaralanmasyny şöhlelendirýär.

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýä döwletleriniň arasynda umumadamzat bähbitli amala aşyrýan beýik işleri bilen has meşhurdyr. Bu gün türkmeniň ýaşyl Tugy Birleşen Milletler Guramasynyň, şeýle hem dürli halkara guramalarynyň edara jaýlarynyň, Türkmenistanyň dünýäniň ençeme ýurtlaryndaky ilçihanalarynyň öňünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň we synmaz döwletliliginiň nyşany bolup, buýsanç bilen belentde pasyrdaýar.

 

Bu gün Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäde ählumumy parahatçylygy, milli howpsuzlygy, şeýle hem bütin Ýer ýüzüniň halklarynyň abadançylygyny gorap saklamagyň we berkitmegiň aýdyň ýoluna düşen döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelere esaslanýan işjeň daşary syýasy strategiýasynyň diňe bir Merkezi Aziýa sebitiniň däl, bütin dünýäniň syýasy durmuşynda uly abraýa eýedigi ähli halkymyzy guwandyrýar.

 

Häzirki wagtda hormatly Arkadagymyzyň çuň pähim-parasaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ykdysady, syýasy we medeni taýdan beýik ösüşlere beslenýär. Ýurdumyz ynamly ädimler bilen öňe barýar. Berkarar Diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işler, raýatlaryň zähmet we durmuş üpjünçiligini kepillendirýän kanunlar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ýetilen belent sepgitler ähli halkymyzy guwandyrýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy mähriban halkymyzyň bir bitewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hakynda hasyl bolan köpasyrlyk arzuwynyň aýdyň dabaralanmagydyr. Şu günler her bir türkmenistanly bu şanly baýramçylyga özüniň zähmet üstünlikleri bilen barmagy baş maksat edinýär.

 

Guwanç ANNAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyý
azow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.