Dünýä ýüzünde dürli çig mallarda – gamyş, şugundyr, sogan, üzüm, dürli miwelerde köp mukdarda şeker bar. Ýöne şolaryň arasynda kokos şekeri özboluşly täzelikdir, kokos şekerini diňe ýörite dükanlarda satyn alyp bilersiňiz. Ol daşky görnüşi boýunça adaty goňur şeker ýaly görünýär we tagamly, ýöne bahasy has gymmat.
Kokos şekeriniň düzümi we kaloriýalylygy:
Günorta Aziýada bu organiki önüm köp asyr mundan ozal iýlip başlanypdyr. Ony öndürijiler şeker alnan wagtynda ähli witaminleri we minerallary mümkin boldugyça saklamaga synanyşýarlar.
Onuň düzüminiň bir bölegi bolan inuliniň kömegi bilen kokos şekeri has haýal siňýär. Onuň glisemiki görkezijisi 35.
Kokos şekeriniň himiki düzümi:
• beloklar - 1%;
• ýaglar - 0,4%;
• uglewodlar - 93%;
• peýdaly elementleri (P, Ca, Mg, Fe, K, Na);
• witaminler (C, B2; B3; B6; B8).
Önümiň kaloriýa mukdary 100 g üçin 380 kkal deňdir.
Arassalanmadyk kokos şekeri, kokos palmasynyň gülleriniň nektaryndan ýasalýar. Bu proses köp zähmeti talap edýär. Şiräniň bugarmagy köp peýdaly maddalary saklamak üçin pes temperaturada amala aşyrylýar. Işçiler palma agajyna çykyp, güllerden süýji kokos suwuny ýygnaýarlar.
Bir palma agajy ýylda 250 kg-dan gowrak kokos suwuny berýär, ondaky saharozanyň möçberi 20%-dir. Ýygnalan şire uzak wagtlap gyzdyrylýar, suw bugarandan soň, ol goýy şire massasyna öwrülýär. Taýýar şeker biraz karamel tagamly açyk goňur ýa-da ýokumly tagamly biraz goýy bolup biler.
Kokos şekeri bilen adaty şekeriň arasynda näme tapawut bar?
Kokos şekeriniň has üýtgeşik tagamy bar, ondan ekzotik kokos ysy gelýär. Şekeriň reňki açykdan goýy goňur reňkde bolýar, bu ýagdaý ony öndürijä bagly. Önüm diňe organoleptiki häsiýetleri bilen däl, eýsem düzümi bilen hem tapawutlanýar. Onda adaty şekerden tapawutlylykda köp witaminler we magniý, sink, demir ýaly mineral duzlar, inozit bar.
Kokos şekeri: adam bedenine peýdasy we zyýany:
Bu tebigy kokos şekeri özboluşly himiki düzümi sebäpli saglyk üçin peýdaly hasaplanýar. Ony ulanmak güýç we saglygy saklamaga mümkinçilik berýär. Esasy aminokislotaly glýutamin myşsalaryň has gowulaşmagyna, ýaralaryň bejergisine, radiasiýa we himiýa terapiýasyndan soň çalt dikelmegine kömek edýär, nerw ulgamynyň saglygyny dikeldýär, görüşi gowulandyrýar, ukyny kadalaşdyrýar we depressiýa garşy göreşmäge kömek edýär. Ondaky mineral kaliý duzlary adaty gan basyşyny saklamaga kömek edýär. Kokos şekerini iýlenden soň, ol bedeni uzak wagtlap energiýa bilen üpjün edýär. Şonuň üçin kokos şekeri horlanmak isleýänler, immuniteti gowşak adamlar üçin peýdalydyr.
Kerwen AGAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.