logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Society /Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi
  20.04.2025
1519
Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi

2025-nji ýylyň 17-nji apreli, penşenbe güni, Ukrainanyň paýtagty Kiýewde Magtymgulynyň adyny göterýän kitaphana muzeýiniň döredilmeginiň 50 ýyllygyna hem-de Ýadygärlikleriň we taryhy ýerleriň halkara gününe bagyşlanan medeni-bilim çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy bilen Magtymguly adyndaky kitaphananyň bilelikde guramagynda amala aşyryldy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

 

Dabarada diplomatik wekiller, ylmy jemgyýetçiligiň agzalary, kitaphananyň işgärleri, Kiýew şäherindäki 281-nji mekdebiň okuwçylary we Ukrainada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

 

Çäräniň esasy bölegi hökmünde “Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy: Beýik Ýüpek ýolunyň ajaýyp ýerlerine syýahat” atly tanyşdyryş çäre guraldy. Onda myhmanlara Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän gadymy medeni merkezleri, türkmen halkynyň baý medeni mirasy, şeýle-de ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly taryhy şäherler barada giňişleýin maglumat berildi. Mundan başga-da Türkmenistanyň beýleki taryhy-medeni goraghanalary barada hem gürrüň edildi.

 

Kitaphananyň müdirliginiň wagtlaýyn ýolbaşçysy Ýuliýa Lopata çykyşynda Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň halklarynyň arasynda dowam edýän medeni gatnaşyklaryň uly ähmiýetini nygtady. Şeýle hem türkmen tarapyna seýrek duşýan neşirleriň we halkyň baý ruhy mirasyny şöhlelendirýän gymmatly kitaplaryň kitaphana gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.

 

1969-njy ýylda esaslandyrylan Magtymguly adyndaky kitaphana, köp ýyllaryň dowamynda beýik şahyryň goşgularynda wasp edilýän milli däpleriň, urp-adatlaryň we ruhy gymmatlyklaryň wagyz edilýän hem-de dabaralandyrylýan merkezi hökmünde çykyş edýär.