Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi
  26.11.2024
167
Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda «Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragy we ynsanperwer şahyryň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryň hazynasyna goşan goşandy» atly medeni çäre geçirildi. Çärä Ukrainanyň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, medeniýet, sungat we bilim işgärleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Söwda-senagat palatasynyň, KHBS-iň, türkmen diasporasynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Çykyş edenler, türkmen medeni mirasyny geljekde hem ylmy taýdan öwrenmegiň we dünýäde wagyz etmegiň möhümdigini nygtap, Magtymguly Pyragynyň şygryýetine aýratyn orun berilendigini bellediler. Şahyryň parahatçylyk, agzybirlik we adalatlylyk ýaly öçmejek gymmatlyklary açyp görkezýän döredijiligi aýratyn hödürlendi. Şu ýylda Magtymguly Pyragynyň ukrain diline terjime edilen goşgularynyň «Магтимгули Пираги. 300 рокiв 3 дня народження. Одкровення» atly doly ýygyndysynyň neşir edilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Kiýewde Magtymguly adyndaky kitaphanada geçirilen köp sanly mowzuklaýyn çäreler, şahyrana sözüň ussadynyň döredijiligini wagyz etmekde möhüm orny eýeledi.

 

Çäräniň dowamynda Magtymgulynyň edebi mirasynyň wagyz edilmegine we ýurtlaryň arasyndaky dostlugyň we medeni-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşan aýratyn goşantlary üçin ukrain neşirýatçylaryna, kitaplaryň awtorlaryna, terjimeçilere we kitaphanaçylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Medeni çäräniň çäklerinde sergi guralyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary, türkmen halk we amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli lybaslar we şaý-sepler görkezildi. Şeýle hem, türkmen ýaşlary medeni maksatnama bilen çykyş etdiler.

 

Orazjemal BÄŞIMOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag
şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.