logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Culture /Kitaphanaçylaryň hünär bäsleşigi
  15.10.2019
1162
Kitaphanaçylaryň hünär bäsleşigi

    Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Parahatçylykly ösüşiň we Watan rowaçlygynyň sazlaşygy» ady bilen ýurdumyzyň kitaphanaçylarynyň arasyndaky bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry geçirildi.  Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi  tarapyndan kitaphanaçylaryň arasynda yglan edilen hünär bäsleşiginiň  bu tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda geçirilen ýerli tapgyrlarynyň ýeňijileri gatnaşdy. 

   Bäsleşigiň açylyş dabarasynda oňa gatnaşyjy kitaphana hünärmenlerine üstünlik arzuw edildi we degişli düzgünler bilen tanyşdyryldy. Şondan soňra   kitaphana hünärmenleri degişli şertler boýunça hünär ukyp-başarnygyny görkezdiler.  Ýurdumyzyň iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphana hünärmenlerini ýüze çykarmak we olaryň iş tejribelerini beýleki kitaphanalaryň arasynda ýaýratmak maksady bilen geçirilen bäsleşik şertleriň bäşisinden ybarat boldy. Kitaphanaçylar şol şertleri ýerine ýetirmek arkaly hünäre bolan ussatlygyny äşgär etdiler. 

     Täsirli geçen bäsleşigiň netijesinde Lebap welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli kitaphanaçysy Akjagül Şamuhammedowa baş baýraga, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Daňatarowa birinji orna, Mary welaýatynyň Murgap etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mahym Agaýewa ikinji orna, Aşgabat şäheriniň merkezleşdirilen kitaphana müdirliginiň G.Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň esasy kitaphanaçysy Arzuw Allaberenowa üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan hormat hatlary we ýörite sowgatlar gowşuryldy.