Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /«Kitap Marafony» Ýeňijileri Sylaglandy
  15.11.2024
144
«Kitap Marafony» Ýeňijileri Sylaglandy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş alymlar geňeşiniň» gurnamagynda geçirilýän «Kitap marafony» bäsleşigi üstünlikli jemlenip, ýeňijiler sylaglandy. Bu marafon Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň kitap okamagy wagyz edýän parasatly pikirlerinden ylham alyp, talyplaryň we magistrantlaryň arasynda guraldy.

 

Bäsleşik 2024-nji ýylyň 13-nji oktýabryndan 13-nji noýabry aralygynda geçirilip, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 336 ýaş gatnaşdy. Ýaş nesilde kitap okamagy wagyz etmek, pikirlenmek ukybyny ösdürmek, döredijilik hyýallaryny artdyrmak maksady bilen guralan bu bäsleşik iki tapgyrdan ybarat boldy.

 

Bäsleşikde Gylyç Kulyýewiň «Emiriň ilçisi» atly taryhy romany okalyp, onuň mazmuny boýunça gündelik sowallar, pikir alyşmalar we döredijilik çäreleri guraldy. Bu kitap, ýaşlaryň dünýä taryhyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmak bilen bir hatarda, olarda watansöýüjilik we ynsanperwerlik duýgularyny kämilleşdirmäge ýardam etdi.

13-nji noýabrda geçirilen jemleýji dabarada ýeňijiler yglan edilip, olara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu çäre ýaşlaryň arasynda kitap okamagyň ähmiýetini nygtamak bilen, olaryň zehinlerini we döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy.

 

Kitap okamagyň peýdalary barada çykyş edenler Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýen dürdäne jümlesiniň dogrudygyny aýratyn bellediler. Şeýle-de, kitap okamagy ýaşlykdan endik eden adamyň ýatkeşliginiň, söz baýlygynyň we paýhasynyň kämil bolýandygyny ýatlatdylar.

 

Dabaranyň ahyrynda ýaşlar ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdara alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Çeşme:
Türkmenistan Bilim Ministrligi

 

Çynar BEGENJOWA
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
1-nji ýyl talyby