Kitap durmuşyň bezegi hasaplanylýar. Kitaplaryň syrly dünýäsi bar. Ol syrly dünýäniň syrlaryny açmak okyjynyň paýyna düşýär. Munuň üçin bolsa diňe kitaby dost tutunyp okamak gerek. Kitap okamak ynsanlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär, pikirlenişini ösdürýär. Aýratyn hem, söýlüp okalýan kitaplar üstünden näçe wagty geçirse-de, özüniň gymmatyny ýitirmeýär. Biz okaýan zatlarymyzdan many çykaryp özümiziň çözmesi kyn bolan meselelerimize jogap tapýarys. Okamak endiklerimizi ösdürmek bolsa biziň özümize baglydyr. Kitap näçe köp okalsa okyjy şonçada kämilleşýär.
Kitaplaryň görnüşleri kän. Ylmy kitaplar içinde ylmy maglumatlaryň köplügi bilen ünsüni özüne çekse, romanlar, powestler ýerleşdirilen eser görnüşli kitaplar diliniň çeperçiligi bilen göreni duşundan geçirmeýär. Eger ol başdangeçirmeli wakalary özünde jemleýän gyzykly eser bolsa, onda okyjy hamala onuň içindäki gahrymanlar bilen bile ýaşaýar. Olaryň gynanan ýerinde gynanyp, begenen ýerinde begenýär. Kitap ynsanyň ruhy hazynasydyr. Kitap okaýan ynsan ondan ruhy lezzet alýar. Ony özüne dost tutunýar. Hakyky dostyň seni kyn günde taşlap gitmeýşi ýaly, kitap hem mydama biziň ýanymyzda. Kitaby özüne dost tutunan ynsan onsuz durmuşyny göz öňüne getirip bilmeýär. Bu bolsa kitabyň aýratynlygydyr.
Ata-babalarymyz kitaba we kitap okaýan kitaphonlara uly hormat goýupdyrlar. Olardan ylyma özüni bagş edenleri kän bolupdyr. Olar uzak ýola sapara çykanda-da, kitaby ýanyndan goýmandyrlar. Olary mydama ýanynda saklap okap gezipdirler. Bu bolsa olaryň akyl ýüküniň ýetik bolmagyna getiripdir. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem “Kitap okan gullar manydan dokdur “diýip, gaty jaýdar belläp geçipdir. Hakykatdan hem kitap okamak ynsanyň many ýükiniň ýetik bolmagyna kömek edýär.
Yhlas ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.