logo

Latest news:
✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦
Home / Interesting /Kim, haçan oýlap tapdy?
  16.01.2023
1271
Kim, haçan oýlap tapdy?

Taryhyň iň möhüm oýlap tapyşlaryndan biri bolan bug hereketlendirijisini kim oýlap tapdyka? Geliň, öwreneliň! 

Senagat rewolýusiýasynyň we tehnologiki ösüşleriň möhüm täzeligi bolan bug hereketlendirijisi dünýä taryhynda möhüm orny eýeleýär. Bug hereketlendirijileri bugdaky ýylylyk energiýasyny mehaniki energiýa öwürýän maşynlardyr. Oýlap tapylandan soň adamzat üçin uly peýdalary berýän bu enjam ilkinji gezek zawodlarda ulanyldy. Şeýle-de bolsa, tehnologiýanyň kem-kemden ösmegi bilen dürli ugurlarda ulanylyp başlandy.

Örän köne taryhy bolan bug hereketlendirijisi 1698-nji ýylda Tomas Saweri atly bir iňlis tarapyndan ýüze çykaryldy. Enjamyň Angliýada ilkinji gezek ýüze çykmagynyň esasy sebäbi Angliýanyň senagatlaşmak ugrunda möhüm ädimler ätmegi boldy.

Enjam dürli döwürlerde ösüp, bug hereketlendirijisine öwrüldi. Bu ösüşi Şotlandiýaly inžener Jeýms Watt amala aşyrdy. Watt soňky döwürde enjamy has netijeli we ygtybarly etdi. Şol sebäpli bug hereketlendirijisi barada aýdylanda kellä gelen ilkinji at Jeýms Watt bolup durýar.

Bug hereketlendirijisiniň öňki görnüşi bolan bug nasosy köplenç kömür känlerinde peýdalanylýar. Senagat rewolýusiýasynyň gapysynyň açylmagy bilen bug hereketlendirijisi ösen görnüşde ýüze çykdy.

Jeýms Watt - bug hereketlendirijisiniň işleýiş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça uly işleri amala aşyrdy. 

 

Atageldi SAPARGULYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.