logo

Latest news:
✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦
Home / Sports /Kiçi futbol ýaryşy geçirildi
  09.06.2023
2615
Kiçi futbol ýaryşy geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporta uly üns berilýär. Ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Geçirilýän sport bäsleşikleriniň sany gün-günden artýar. Şeýle ýaryşlaryň biri hem ýakynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Ylymlar güni mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda etrabyň 42-nji orta mekdebiniň sport meýdançasynda sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça  geçirildi.

Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryş ähli toparlar üçin hem diýseň gyzykly geçdi. Diýseň çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda netijeli oýun görkezen 42-nji orta mekdebiň topary üstünlikli çykyş edip 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 36-njy mekdep, 3-nji orny bolsa 5-nji mekdebiň mugallymlary eýelemegi başardylar.

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. 

 

Arslan ORAZLIÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap 
Geňeşiniň işgäri.