logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Kiçi futbol ýaryşy geçirildi
  24.06.2022
1302
Kiçi futbol ýaryşy geçirildi

“Halkyň arkadagly zamanasy” ýylynda hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekde alyp barýan syýasatyndan ugur alyp, ýaşlaryň halka, Watana, hormatly Prezidentimize bolan söýgüsini has-da güýçlendirmek, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak, sporty halkyň arasynda ösdürmek maksady bilen Tejen etrap we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de sport we ýaşlar syýasaty bölümleriniň bilelikde gurnamagynda Tejen şäherindäki täze sport mekdebiniň futbol meýdançasynda sportyň kiçi futbol görnüşi boýunça açyk çempionaty geçirildi.

Ýaryşa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaş oglanlardan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryşda toparlaryň arasynda bije atylyp , her toparyň arasynda oýun aýlaw görnüşinde geçirildi.  Çekeleşikli geçen ýaryşda Tejen etrap we şäher sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan bellenen emin agzalar tarapyndan ýeňijiler yglan edildi. Ýaryşda Tejen nebit önümleri kärhanasynyň topary 1-nji orna, Tejen şäher sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň topary 2-nji orna, Tejen etrap bilim bölüminiň topary 3-nji orna mynasyp boldular. 

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara hormat hatlary hem-de Tejen etrap we şäher jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Maral  AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň esasy hünärmeni.