logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Kewin De Brýöne - Mançester Siti klubyň iň güýçi oýunçysy
  16.05.2023
1436
Kewin De Brýöne - Mançester Siti klubyň iň güýçi oýunçysy

Kewin De Brýöne – belgiýaly futbolçysy, «Mançester Siti» klubynyň ýarym goragçysy, Belgiýa ýygyndy toparynyň kapitany. Häzirki döwrüň iň güýçli ýarym goragçysy hasaplanýar.
Ol 1991-nji ýylyň 28-nji iýunynda Belgiýa döwletiniň Gent şäherinde eneden doldy. Şol şäherde ulalyp, ýaşlykdan futbol bilen gyzyklanýardy. 12 ýaşynda ýerli klublaryň biri bolan «Gent» klubynda türgenleşip başlady. Iki ýyldan «Genk» klubynyň ýaş ýygyndy toparynda oýnamaga başlady.
2012-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Kewin De Brýöne Angliýanyň «Çelsi» kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglanyşýar. «Mançester Sitiden» öň Germaniýanyň «Werder», «Wolsburg» ýaly klublarynda hem oýnaýar.
2015-nji ýylyň 30-njy awgustynda Kewin Angliýa dolanyp, «Mançester Siti» kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglanyşýar. 2021-nji ýylda klub Kewin De Brýöne bilen baglanyşan şertnamasynyň möhletni uzaldýar.
Kewin özüni diňe Belgiýa, Angliýa hem Germaniýada däl bütin futbol äleminde ussat futbolçy-ýarymgoragçy hökmünde tanatmagy başardy.
«2022-2023 çempionlar ligasynyň» ýarym finalynda Ispaniýanyň «Real Madrid» kluby bilen duşuşykda 67-nji minutda gol urup, duşuşygyň iň gowy futbolçysy diýip yglan edildi.

 

Izzat SAPAKOW, 

Daşoguz şäherindäki daşary   
ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiň rus dili mugallymy.