Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Kerki etrabynda Osman Ödäýewiň 70 ýyllygy dabaralandyryldy
  15.11.2024
127
Kerki etrabynda Osman Ödäýewiň 70 ýyllygy dabaralandyryldy

Osman Ödäýewiň 70 ýyllyk ýubileýi: Edebi mirasy giňden beýan edilýär
 

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda, türkmenistanymyzyň hormatly il ýaşulysy we belli ýazyjy Osman Ödäýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi. Okyjylara çuňňur mazmunly eserleriň 34 tomlugyny miras galdyran ýazyjy, öz döredijiligi bilen türkmen edebiýatyna giňden täsir etdi.
 

Dabara, Türkmenistanyň tanymal ýazyjylary, edebiýaty öwreniji alymlar, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem bilim işgärleri gatnaşdylar. Edebiýet muşdaklary, ýaşlar we jemgyýetçilik işgärleri Ýazyjynyň döredijiligi we onuň okyjylara ýetiren täsiri barada giňişleýin çykyşlar etdiler. Şeýle hem, pederlerimiziň merdi-merdanalygyny, ynsanperwer ýörelgelerini we medeni-ahlak gymmatlyklaryny beýan edýän eserleri bilen Osman Ödäýewiň okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazandygyna ünsi çekildi.
 

Dabaranyň dowamynda, “Altynjan hatyn” romany esasynda döredilen dessandan hekaýalar, onuň medeniýet-sungat işgärleriniň şowhunly aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Şeýlelik bilen, bu çäre, edebi mirasy giňişleýin beýan edip, uly täsir galdyrdy.
 

Şeýle hem, dabaranyň soňunda, etrap medeniýet öýünde geçirilen çärä gatnaşyjylar ýazyjynyň öý-muzeýi we baý kitaphanasy bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýazyjynyň döredijiligini we edebi mirasyny açyp görkezýän müňlerçe kitaplary özünde jemleýän kitaplar toplumy ýerleşdirildi.
 

Dabarada çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, olaryň döredijilik işgärlerine we beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasy üçin minnetdarlyk bildirdiler.
 

Osman Ödäýewiň döredijiligi, watansöýüjiligine we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýörelgeleri bilen halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny ösdürmäge ýardam berýär.
 


Emir AMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 3-nji ýyl talyby