Berkarar döwrümiziň erkana säherleri, döwrebap obadyr-kentleri, görkana şäherleri eziz Watanymyzyň günsaýyn özgerýän döwrebap keşbidir. Häzirki wagtda diýarymyzyň ähli sebitlerinde täze etraplar, şäherlerdir şäherçeler döredilýär. Olaryň ählisi bolsa ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdepleri we çagalar baglaryny, sport toplumlaryny, döwrebap saglygy goraýyş we medeniýet edaralaryny, durmuş maksatly beýleki desgalary öz içine alýar. Olarda ulag we inženerçilik desgalary, awtomobil ýollary, suw we gaz ulgamlary, elektrik geçirijiler, aragatnaşyk ulgamlary guruldy. Yzygiderli guralýan iri halkara sergilerde häzirki wagtda ýurdumyzyň gazananlary, şäherleriň hem-de sebitleriň ýaşaýyş durmuşyny has oňaýly ýagdaýda guramaga gönükdirip ulanylýan innowasion tehnologiýalary, türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly we tiz depginler bilen ösýän pudaklarynyň biri bolan gurluşyk-senagat toplumynyň kuwwaty bilen giň jemgyýetçiligi tanyşdyrylýar. Türkmenistanda öndürilýän häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň giň görnüşleri gurluşyk pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça importyň ornuny tutýan kuwwatlyklary döretmek, eksport ugurly harytlaryň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini aýdyň görkezýär. Döwlet Baştutanymyz täze gurluşyklaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, ýurdumyzyň kuwwatly senagatyny döretmek, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, türkmen topragynyň örän baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. Şol tabşyryklara laýyklykda, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny artdyrmaga hem-de ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, beýleki önümleriň öndürilişiniň möçberini köpeltmäge gönüden-göni ýardam edýär. Şeýle önümlere ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär. Beýleki möhüm ugurlara gurluşyk senagatynyň önümleriniň görnüşlerini yzygiderli giňeltmäge, pudagyň önümçilik, ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmaga, hojalygy dolandyrmagyň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hereket edýän önümçilikleri tehniki we ykdysady taýdan durnuklylaşdyrmaga, olary döwrebaplaşdyrmaga, durkuny täzelemäge, importyň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmäge ýöriteleşen täze zawodlary, kärhanalary gurmaga gönükdirilen uly işler alnyp barylýar. Bildirilýän talaplara laýyklykda, tutuş Diýarymyz boýunça gurulýan desgalarda hem-de olaryň bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Olar saýlanyp alnanda, ýurdumyzyň howa şertleri, ekologik kadalara laýyk gelşi, berkligi, ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýar. Bina edilýän desgalaryň binagärligiň gadymdan gelýän däplerini hem-de häzirki zaman dünýä şäher gurluşygynyň tejribelerini özünde jemleýändigi bellärliklidir. Munuň özi eziz Diýarymyzyň gurluşyk pudagynyň döwür bilen aýakdaş gitmeginde dünýäniň iň oňat tejribesini göz öňünde tutýandygyna, ata Watanymyzyň bedew bady bilen öňe ilerleýändigine şaýatlyk edýär.
Hatambaý HAMRAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.