logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Karbamidiň öndürilişi artýar
  14.04.2024
917
Karbamidiň öndürilişi artýar

«Tejenkarbamid» zawodynda ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli karbamid dökünini öndürmekde guwandyryjy işler alnyp barylýar. Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda ýerleşýän zawodyň işçi-hünärmenleriniň çekýän agzybirlikli we tutanýerli zähmeti bu ýerde aýma-aý önümçilik görkezijileriň barha artmagyna, bellenen meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine şert döredýär. Üstümizdäki ýylyň geçen üç aýynyň görkezijileri hem şeýle diýmäge esas berýär.


 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — mart aýlarynda kärhanada 53 million 953 müň manatlyga golaý önüm öndürilip, bu babatda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 265,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Kärhanadaky karbamid önümçiligi boýunça ýokary tehnologiýalardan netijeli peýdalanmagy başarýan işçi-hünärmenleriň tagallalary bilen öndürilýän önümler ýurdumyzyň obasenagat pudagynyň azot dökünlerine bolan isleglerini kanagatlandyrýar. Şonuň bilen birlikde, bu döküniň eksporty boýunça mümkinçilikleriň giňemegine itergi berýär. 2005-nji ýylyň 18-nji martynda açylyp, üstünlikli hereket edip gelýän zawodyň önümlerine isleg barha artýar.

 

Ýusup GULMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.