logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Kämil ýaşlary ýetişdirmek ugrunda
  18.04.2023
888
Kämil ýaşlary ýetişdirmek ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer pähim-parasady bilen rowaçlanýan günlerde ata ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň milli ruhda terbiýelenmegi, watansöýüji, ilhalar, ylymly-bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda netijeli başlangyçlar amal edilýär. Şeýle uly üns-alada bilen gurşalan ýaşlar sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesiller bolup kemala gelýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda ýaşlaryň bilim derejesini, dünýägaraýşyny ýokarlandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup çykyş edýär. Munuň üçin sanly bilim bermegiň iň täze usullary işlenip düzülýär, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini ýokary derejede öwrenmegi boýunça işler hem kämilleşdirilýär. Ylym öwrenmekde dünýä dillerini bilmegiň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Çünki dünýäniň iň täze gazananlaryny öwrenmekde we ylymlary özleşdirmekde dünýä dilleriniň ähmiýeti ýokarydyr. Munda milli bilim ulgamynyň iň täze usullar bilen baýlaşdyrylmagy esasy görkeziji bolup durýar. Degişli edaralarda, jemgyýetçilik ýerlerinde ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlap, millilik, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş, arassa ahlaklylyk barada wagyz-nesihat häsiýetli çäreler yzygiderli geçirilýär. Munuň özi bilim-terbiýeçilik, medeni-jemgyýetçilik ojaklarynda geçirilýän şeýle çäreleriň netijeliliginiň has-da artdyrylmagyna oňyn täsir edýär. Bu asylly wezipeler, möhüm çäreler döwrüň ruhuna görä işjeň ýagdaýda amala aşyrylýar. Bu ugurda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Munuň özi islendik maksat bilen guralýan wagyz-nesihat çäreleriniň hil babatdaky kämilligini artdyrýar. Merdana pederlerimizden miras galan milli däp-dessurlarymyz, medeni gymmatlyklarymyz, ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgelerimiz, edim-gylymlarymyz, parasatly nakyllardyr, atalar sözleri ösüp gelýän ýaş ýetginjekleriň aňynda döwletlilik düşünjeleriniň we milli ruhuň berkemegine şert döredýär. Dürli dillerde çap edilen kitaplar, çeper edebiýatlar, tehnologiýa we tebigy ylymlara degişli ençeme ylmy edebiýatlar bilen ähli bilim ojaklary, bilim merkezleri doly üpjün edilendir. Şol gollanmalary özleşdirmek, öwrenmek we durmuşa ornaşdyrmak ýaşlaryň baş maksady bolup durýar. Ýurdumyzda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlary türkmen ýaşlarynyň ýokary bilimli, kämil hünärli bolmagyna, beden we ruhy taýdan sagdynlygyna, arassa ahlakly bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Eziz Arkadagymyzyň ýaşlara berýän öwüt-ündewleri, döwletli nesihatlary bagtyýar ýaşlary yhlasly okamaklyga ruhlandyrýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda bu babatda öňde goýlan asylly maksatlara, belent sepgitlere ýetmekde, ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri babatda giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin! 

 

Dünýägözel ARAŞOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.