logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Saglyk /Kakos peýdaly miwe
  14.04.2022
1110
Kakos peýdaly miwe

Kokos, 100 ýyla çenli ýaşap bilýän we ýylda dört ýüzden gowrak hoz öndürip bilýän kokos palmasynyň miwesidir. Kokos palmalary ilkinji gezek b. e. öň IV asyrdaMalaýziýada ýörite ösdürilip ýetişdirildi. Kokosyň peýdaly häsiýetleri, esasan, dürli ýag kislotalarynyň köp bolmagy bilen bellidir. Onuň miwesiniň içindäki suwuklykda köp antioksidantlar we minerallar bar. Kokos sport bilen meşgullanýanlaryň ählisine maslahat berilýär. Ol içegäniň hereketini güýçlendirýär we madda çalşygyny gowulandyrýar. Kokos ýagyny aşgazan ýarasy, gastrit, kolit üçin peýdalanmaklyk maslahat berilýär. Kokos ýagy kosmetologiýada işjeň ulanylýar. Laurin, olein we kapril turşulyklary deriüçin peýdalydyr. Olar suw deňagramlylygyny saklaýarlar, metabolizmi işjeňleşdirýär.Ondan deri ýokumly maddalar bilen iýmitlenýär. Emma ýagly deri ýapyk gözeneklere sezewar bolýar, şonuň üçin ýag gury deri üçin has amatlydyr. Kokos ýagy saç we dyrnak üçin hem ulanylyp bilner. Sabynlar, çalgy ýaglary we balzamlar onuň esasynda taýýarlanýar. Ondaky E witamin gan damarlarynyň diwarlaryny güýçlendirýär, ateroskleroz howpuny peseldýär. Şeýle-de ol ýürek we gan damarlarynyň ýagdaýyny gowulandyrýar.

Babamyrat NURJYKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.