logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Sports /Kaka etrabynyň «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz – ruhubelent nesiller» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi
  11.08.2023
1072
Kaka etrabynyň «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde «Biz – ruhubelent nesiller» ady bilen woleýbol ýaryşy geçirildi

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň  «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde  «Biz – ruhubelent nesiller» ady bilen woleýbol  ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilelikde gurady.

 

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň  «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde  «Biz – ruhubelent nesiller» ady bilen geçirilen woleýbol ýaryşyna toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Merkezde dynç alýan çagalardan düzülen toparlar öz aralarynda gyzykly duşuşyklar alyp bardylar. «Berkarar» we «Nesil» toparlarynyň özara duşuşygy ýaryşyň ykbalyny çözdi. Bu aýgytlaýjy duşuşyk «Berkarar» toparynyň üstünligi bilen tamamlandy. Ýeňiji bolan toparyň oýunçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.