logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Kaka etrabyndaky sport mekdebinde küşt ýaryşy geçirildi
  25.10.2022
939
Kaka etrabyndaky sport mekdebinde küşt ýaryşy geçirildi

Golaýda, Kaka etrabynyň sport mekdebinde küşt ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi we sport mekdebiniň bilelikde guramagynda bolan ýaryşyň maksady ýaşlaryň akyl-paýhas oýnuna höweslerini artdyrmakdan we güýçlüleri ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

Orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçen küşt ýaryşynyň netijesinde etrapdaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Nurjemal Meredowa birinji, 15-nji orta mekdebiň okuwçysy Oguljahan Amanowa ikinji, şol mekdebiň okuwçysy Aýgül Orazowa üçünji orunlara eýe boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.