logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Saglyk /Kädiniň saglyga peýdasy
  07.04.2022
3868
Kädiniň saglyga peýdasy

Güýzüň esasy bakja önümleriniň biri hem kädidir. Kädiniň watany Meksika hasaplanylýar. Kädi esasan naharlara, işdäaçarlara goşulýar. Kädi beta-karotine baý baý bolup, C, K, E witaminlerini, magniý, fosfor we demir ýaly peýdaly maddalary özünde jemleýär. Kädi immun ulgamyny güýçlendirmekde möhüm orny eýeleýär.

Kädi A witaminiň güýçli çeşmesi bolup, göz saglygyny goramaga kömek edýär. Mundan başga-da bu bakja önümi C witamine baý bolup, bedeni mikroblardan we patogenlerden goraýar.

Süýümiň oňat çeşmesi bolan kädi ýürek we içege saglygy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ýarym dilim kädide 3 gramdan gowrak süýüm bar. Süýümiň köp sarp edilmegi holesteriniň derejesini azaltmaga kömek edýär, şeýlelik bilen ýürek saglygyny goraýar.

Kädi garramagy haýallaşdyrýar. Deriniň ýaş we has janly görünmegine mümkinçilik döredýär. Süňk dokumalarynyň zeperlenmesini bejermäge kömek edýär, süňkleriň ösmegini goldaýar we böwrek daşlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Düzümindäki L-triptofan atly madda bilen depressiýa ýaly akyl saglygy bilen bagly kesellerde örän täsirli bolup durýar.

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň 
Inžener-mehanika fakultetiniň dekany.