logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /«Janly» kitaphana bu näme?
  08.02.2023
1375
«Janly» kitaphana bu näme?

«Janly» kitaphana – özboluşly taslama bolup, ol häzirki wagtda halkara derejesindedir. Bu taslama 2000-nji ýylda Daniýada peýda boldy. Şeýle kitaphanalarda her kim öz durmuşyny 30 minutlap gürrüň bermek üçin kitap ýerine adam alyp biler. Taslamanyň maksady stereotiplere we düşünjelere garşy göreşmek.

«Janly» kitaphanalarda dürli dinlerden, milletlerden, hünärlerden, jemgyýetçilik gatlaklaryndan we başgalardan bolan adamlar «kitap» hökmünde çykyş edýär. Bu ýere gelýän okyjy kimiň we nähili hekaýa bilmek isleýändigini saýlamaga mümkinçilik alýar. Isleýän jogaplaryny almak üçin we daş-töweregindäki adamlara has giňişleýin düşünmek üçin dürli soraglar bilen hem ýüzlenip biler. Gyzykly tarapy, «janly» kitaphanalaryň öz kataloglary bar. Olar diňe şol adamyň adyny däl, eýsem, gysga awtobiografiýasy bilen hem tanyşýar. Bu usul adaty kitaphanalardaky ýaly monolog görnüşinde däl-de, söhbetdeşlik ýagdaýda geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikdir.

Häzirki wagtda bu taslama dünýäniň 50-den gowrak ýurdunda hereket edýär. «Janly» kitaphanalar sosial düşünjelere we stereotiplere garşy göreşmegiň innowasion hem konseptual täze usulydyr. «Janly» kitaphananyň esasy wezipesi, adaty maglumat göterijileriň rolunyň gönüden-göni adamlar tarapyndan ýerine ýetirilmegidir. Daniýada peýda bolan bu taslamanyň agzalary ilkibaşda 12-18 ýaş aralygyndaky ýaşlardan ybaratdy. Wagtyň geçmegi bilen agzalarynyň sany 7000 adama çenli ýetdi. Taslama Ýewropa Geňeşi tarapyndan maliýeleşdirilýän ynsan hukuklary boýunça degişli gurama tarapyndan goldaw aldy. Şeýlelik bilen, «janly» kitaphanalar geçirilýän dürli aýdym-saz festiwallarynda, kitap ýarmarkalarynda, mekdeplerde, dürli mazmunly çärelerde we nusgawy kitaphanalarda hereket edip başlady. Hemişelik ýagdaýda ilkinji «janly» kitaphana 2006-njy ýylda Awstraliýanyň Lismor şäherinde döredildi.

Ilkinji nobatda bu taslama okyja «janly kitap» bilen erkin aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän ygtybarly ýeri talap edýär. Şeýle aragatnaşyk üçin zerur şertleriň ýene-de biri bolsa gepleşikde birek-birege hormat goýmakdyr. Taslama ilkinji maglumatlary almak, täsirli gepleşik guramak, soňra obýektiw öz pikiriňi döretmek, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklara päsgel berýän garaýyşlardan, baha berişlerden dynmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär. Şeýle-de bu taslama dürli sebäplere görä, şahsy habarlaşmak üçin mümkinçilikleri az bolan adamlar bilen göni aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär, köpçülikleýin çydamlylyk aňyny emele getirýär, jemgyýetde aýry-aýry sosial toparlaryň bölüniş psihologiýasyny ýok edýär. Bu umumy çemeleşme, dürli mowzuklarda ulanmak üçin mümkindir. 

 

Aýbibi KUTLYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.