logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /ITLAIÝA DÖWLETI BARADA
  04.04.2023
2203
ITLAIÝA DÖWLETI BARADA

Italiýa döwleti Apennin ýarym adasynda, Sisiliýa, Sardiniýa adalarynda we beýleki ownuk adalarda, Ýewropanyň kontinentiniň günortasynda ýerleşýär. 

Meýdany – 301,2 müň km2 ; 
Paýtagty – Rim şäheri; 
Ilaty – 59, 11 mln adam  (2021ý), 
Ilatyň  94%-i  italýanlar;  
Ilatyň gürlüligi – 1 kw km-e 194 adam düşýär; 
Şäher ilaty – 71%, oba ilaty – 29%; 
Resmi dili – italýan dili; 
Esasy dini – katolik.

Italiýa döwleti dolandyryş görnüşi boýunça – parlamentar respublika diýip ykrar edilendir. Ýurtda 1947-nji ýylyň Konstitusiýasy hereket edýär. Onuň Konstitusiýasy görnüşi boýunça gaty tipli konstitusiýa.

Italiýa döwletiniň konstitusion institutlarynyň bir ýarym asyrdan gowrak taryhy bar. Bu döwrüň içinde ýurt konstitusion monarhiýa, totalitar-faşistik diktaturany başdan geçirdi. Şeýle-de bulardan soň, 1946-njy ýylda sala-salşygyň netijesinde döwlet dolandyryşynyň monarhiýa görnüşinden ýüz döndürilip, Italiýada uruşdan soň dünýä boýunça iň demokratik konstitusiýalaryň biri kabul edildi.

1848-nji ýylyň mart aýynda Sardiniýa şalygynda ilkinji gezek «Albertin statut» diýlip atlandyrylýan konstitusion kanun kabul edildi. Bu konstitusion kanun Karl Albertiň adyny göterýär. 1870-nji ýylda Italiýanyň gutarnykly birleşdirilmeginden soň, «Albertin statuty» bütin ýurduň Konstitusiýasy boldy.

Ol häsiýeti boýunça Albertin statuty – adaty, ýokardan sowgat edilen   konstitusiýa. Şonuň bilen birlikde «Albertin statuty» halk wekilligine aýratyn alamatlary özünde jemleýär. Statuta raýatlaryň hukuklaryna we borçlaryna bagyşlanan aýratyn bölüm goşulýar. Onda, hususan-da, hemmeleriň kanunyň öňünde deňligi, käbir şahsy azatlyklar, eýeçilige bolan hukuk, söz azatlygy gysgaldylan görnüşde bolsa-da aýan edilýärdi.   

Muňa garamazdan, özüniň çäklendirilmegi bilen, «Albertin statuty» Italiýanyň konstitusion monarhiýasynyň çäginde, demokratik rewolýusiýanyň başlangyjyna ýol açdy. 1912-nji ýylda girizilen ählumumy saýlaw hukugyndan soň liberalizmiň we demokratiýanyň elementleri italýan konstitusion tejribesinde kämillige eýe boldy. 

 

Sahydursun ŞAÝNAZAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky 
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.