Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň çagalar baglarynda çagalaryň saglygy barada alada ✦ ✦ Bütindünýä süýji kesele garşy göreş güni ✦ ✦ Saglyk — durmuşyň gymmaty ✦ ✦ Türkmen sportuna belent sarpa ✦ ✦ Daşary ýurt dili otaglaryny döwrebaplaşdyrmak ugrunda ✦ ✦ “Söýýän güýz paslyny, sarylygyny” ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti «COP29» maslahatyna gatnaşýar ✦ ✦ Saglyk we sport — röwşen geljegiň berk binýady ✦ ✦ XVII halkara sergi we «Türkmentel-2024» atly ylmy konferensiýa geçiriler ✦ ✦ Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Iňlis dilini öwretmegiň käbir usullary
  09.11.2024
128
Iňlis dilini öwretmegiň käbir usullary

Daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň öňünde goýulýan ilkinji wezipe onuň sapakda guramaçy hökmünde çykyş etmegidir. Meselem, iňlis dili dersi boýunça ilkinji düşünjeleri okuwçylara öwretmek we olaryň ünsüni çekmek, sapakda ýadamazlygyny gazanmak möhümdir. Şunda mugallym başlangyç synplarda iňlis dili sapaklaryny guramakda görkezme esbaplaryndan, oýunlardan ýerlikli peýdalanmalydyr.

 

Iňlis dilini öwrenende okuwçy, ilki bilen, onuň aýdylyşyny anyk eşidýär ýa-da ýazuwda grafiki şekilini görýär. Onuň predmet, hadysa, hereket bilen bagly manysy we ulanylyşy bilen tanyşýar. Sözüň şekili, manysy, ulanylyşy — her bir leksik ýa-da grammatik birligi özleşdirmegiň esasyny düzýär. Okuwçynyň sapakdaky pursatlarynda hem özbaşdak işleri tabşyryp, olara daşyndan gözegçilik etmek bolýar. Mugallymyň gözegçilik etmeginde okuwçylaryň öz üstünde işlemegi hem-de özüniň ýalňyşyny özi tapyp, düzediş girizip gitmegi uly ähmiýete eýedir. Multimedia tehnologiýalarynyň iňlis dili sapaklarynda ulanylmagy hem okuwçynyň işjeň sözleýşini döredýän ilkinji mümkinçiliklerdir.

 

Dili öwretmegi guramak we kämilleşdirmek mugallymyň saýlap alan usullarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Mugallym çagalar bilen temany öwretmäge girişmezden öň, olaryň maşgalalary hakynda öz ene dillerinde söhbetdeşlik geçirýär. Okatmagyň interaktiw usulyny ýerlikli ulanmak okuwçylaryň durmuşyny, içki pikirlerini, geljekki arzuwlaryny gowy öwrenmegi talap edýär. Şondan soň mugallym iňlis dilinde «Meniň maşgalam» diýen tema degişli sözler bilen okuwçylary tanyşdyrmak işine başlaýar. Munuň üçin, ilki bilen, tema degişli sözleriň düzüminde bar bolan harplar, harp birikmeleri hakynda oňat bilim we düşünje bermek zerur. Mysal üçin: «Meniň maşgalam» diýen temany öwretmek üçin mother, father, sister, brother, family, large, house, home, houskeeper, doctor, teacher, grandmother, grandfather, pensioner, relative, niece ýaly birnäçe sözler öwredilýär.

 

Indiki maksat okuwçylaryň sözleri berk özleşdirmeklerini we ony sözleýişde ulanyp bilmeklerini gazanyp bilmekden ybarat. Şeýlelikde, sözler bilen tanyşmak işine girişilýär. Sözler bilen tanyşdyrmak, olary okamagy, ýazmagy we aýtmagy öwretmek sapagyň maksady bolýan bolsa, onda ol mugallymdan köp işi talap edýär. Şeýle usullary yzygiderli ulanmak iňlis dili mugallymlary üçin peýdalydyr we netijelidir.

 

Şähnur SEÝIDOWA,
Çärjew etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.