Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦ ✦ Taryhymyz — gymmatly mirasymyz ✦ ✦ Ulag hyzmatdaşlygy — ösüşiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Emeli aň we ykdysadyýet ✦ ✦ Ekologiýa baradaky pikirleniş medeniýetiňi ýokarlandyrýar ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Iňlis dilini öwrenmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti
  06.05.2024
400
Iňlis dilini öwrenmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Häzirki wagtda günsaýyn özgerýän döwürde sanly tehnologiýa daşary ýurt dillerini öwrenmekde örän netijeli gural bolup hyzmat edýär. Geçirilen barlag netijeleriniň esasynda, tehnologiýa daýanýan dil öwrenmek tejribesiniň oňyn bolandygyny we mugallymlaryň tehnologiýa esasly daşary ýurt dilini öwrenmekde möhüm rol oýnaýandygyny anyk görmek bolýar. Şeýle hem bu  barlaglar okuwçylaryň synp derejesine baglylykda tehnologiýany ulanmagyň birleşdirilen garaşly üýtgeýjilerinde ujypsyz tapawutlaryny ýüze çykardy. Bu gözlegiň netijeleri orta mekdep derejesinde daşary ýurt dilini öwrenilende sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak üçin okuwçylary işjeň çekmäge mugallymlara uly ýardam boljakdygyny görkezýär. 

 

Kompýuterler, noutbuklar, jübi telefonlary, global aragatnaşyk ulgamy, internet we beýleki tehnologiýalar, ýagny wideo we ses konferensiýasy, wideo telefon, web ýaýlymlary we söhbetdeşlik otaglary ýaly elektron aragatnaşyk enjamlary dil öwretmegiň ygtybarly ýollarynyň birine öwrüldi. Tehnologiýa esaslanýan okuw usuly mekdep okuwçylary üçin täsirliligi bilen tapawutlanýar. Bu ugur indi adaty mekdep okuw çygry bilen çäklenmeýär. Bu babatda okuwçylara synp otagynyň içinde we daşynda ägirt uly bilim mümkinçilikleri bar, sebäbi tehnologiýa okuwçylara dürli okuw platformalaryny ulanyp dürli okuw materiallaryna aňsatlyk bilen ýetmäge mümkinçilik berýär, okuwçylaryň daşry ýurt dilinde gürleýänleriň okuw sapaklaryna gatnaşmagyny we dürli onlaýn kurslara gatnaşmagyny has-da aňsatlaşdyrýar. Iňlis dilini  sanly tehnologiýalar arkaly öwretmek diýlende hemmämiziň hem aklymyza kompýuterler, elektron enjamlar we internetiň berýän mümkinçilikleri gelýär. Emma häzirki wagtda sanly tehnologiýalar diňe bular bilen çäklenmeýär.  Tehnologiýalaryň ösmegi bilen emeli aň, maşyn öwrenmek, kognitiw tehnologiýalary, uly maglumatlar, maglumatlaryň intellektual derňewi ýaly düşünjeler uly meşhurlyga eýe bolýar.

 

Ilkinji nobatda biz bu tehnologiýalar näme diýen soraga jogap bereliň.

 

Maşyn öwrenmek – bu emeli intellektiň bir görnüşi bolup, onda kompýuterler bir işi ýerine ýetirmek üçin programmalaşdyrylmaga derek, ony nädip etmelidigini öwrenmek üçin köp mukdarda maglumatlary ulanýar.

 

Emeli intellekt – sowatly adamyň özüni alyp barşyny göçürip bilýän kompýuter ulgamlaryny öwrenmek we ösdürmek.

 

Big data (uly maglumatlar) - bu adam tarapyndan ka­bul edip bol­ýan gör­nüş­de ne­ti­je­le­ri almak maksady bilen, strukturalanan we strukturalanmadyk maglumatlary iş­läp taý­ýar­la­mak üçin ni­ýet­le­ni­len çe­me­leş­me­le­riň, en­jam­la­ryň we usulla­ryň top­lu­my­dyr. Uly mag­lu­mat­lar öz­le­ri­niň uly göw­rüm­le­ri, dür­lü­li­gi we tä­ze­le­niş tiz­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şol se­bäp­li, mag­lu­mat­la­ry iş­läp taýýar­la­ma­gyň öň­ki usul­la­ry we en­jam­la­ry ýe­ter­lik ne­ti­je­li däl­dir. Hä­zir­ki gü­ne çen­li uly mag­lu­mat­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gönükdirilen programma önümleri bolan kompaniýalardan: IBM, Microsoft, Hew­left-Packard, Oracle, EMC, Apache Soft­wa­re Foun­da­tion we beý­le­ki­ler tapawutlanýarlar.

 

Kognitiw tehnologiýalar - bu strukturalanmadyk ýagdaý­da­ky, köp­lenç, tekst gör­nü­şin­dä­ki mag­lu­mat­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ma­ga ukyply teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň to­pa­ry­dyr. Bu teh­nolo­gi­ýa­lar di­ňe ber­len al­go­ritm bo­ýun­ça däl-de, gap­dal­la­ýyn täsirleriň köp­lü­gi­ni hem-de ge­çen ha­sap­la­ma­la­ryň ne­ti­jele­ri­ni göz öňün­de tut­mak­ly­ga we daş­ky çeş­me­le­riň mag­lu­mat­la­ry­ny ula­nyp, öz-özüni okatmaklyga ukyplydyr.

 

Orazgeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky 
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.