Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ✦ ✦ Banklarda maliýe hasabaty we onuň seljermesi ✦ ✦ Tebigatyň şypaly gymmatlygy ✦ ✦ Daýhan baýasa, ýurt baýar ✦ ✦ Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy ✦ ✦ Ýaşlar — geljegi gurujylar ✦ ✦ Çaga terbiýelemek her bir parasatly ynsanyň Watan öňündäki mukaddes borjudyr ✦ ✦ Çagalar baglarynda sanly ulgamyň ähmiýeti ✦ ✦ Bagtyýar çagalaryň bakja-bagy ✦ ✦ Ilon Mask: bir sagatdan az wagtyň içinde dünýäniň islendik nokadyna ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Iňlis dilini nädip ýeňil öwrenmeli?!
  11.11.2024
177
Iňlis dilini nädip ýeňil öwrenmeli?!

Dünýäniň innowasiýalaşýan döwründe dil öwrenmek örän ähmiýetlidir. Daşary ýurt dilleri diňe bir syýahat etmekde ýardam bermän, eýsem daşary ýurtlarda okamak we hünär geljegi üçin hem bähbitlidir. Ikinji dile eýe bolmaklyk islendik ýaşda dürli akyl ukyplaryny ösdürmäge mümkinçilik berýär.

 

Dili öwrenmegiň maksady. Çagalar mekdepde iňlis dilini erbet öwrenýärler, sebäbi olaryň maksady ýok bolýar, köpüsine bu näme üçin gerekdigi belli däl. Belli bir derejä ýetenlerinde bolsa, şol sebäp boýunça ondan daşa gitmeýärler – mundan beýläk gitmäge maksatlary bolmaýar. Çagalary gyzyk, ruhubelentlik we oýunlar bilen höweslendirmek arkaly muňa garşy çykmaly. Eger çagalar oýun oýnaýandyryn ýa-da aýdym aýtýandyryn öýdüp, daşary ýurt dilini öwrenýändigini ýatdan çykarmaýan bolsa, onda ähli zatlar amala aşyrylýar, “öz-özünden” öwrenilýär.

 

Ýetginjekleriň we ulularyň maksatlary her dürli bolup bilýär. Käbirinde iňlis dilinde gürleýän dostlary ýüze çykýar, olar bilen gürrüňdeş bolmak gyzykly, emma kynrak bolýar. Käbirleriň dil bilen bagly bolan işi boýunça geljegi bar bolýar.

 

Sesleri nädip öwrenmeli? Eger-de sabyryň we höwesiň ýetse onda resmi lingafon kurslary (Cambridge, Oxford... olaryň onlarçasy bar). Eger ýok bolsa, onda aýdymlaryň üsti bilen. Aýdymlar her dürli bolup biler, esasy siz onuň sözlerini gaýtalap başlanyňyzda, öňüňizde aýdymyň takyk sözleri bolmaly.

 

Ýene bir zat, siz siz haýsy bolsa-da bir sözi eşidip ýazyň (bu sözüň manysyny düşünmeýän bolsaňyz-da), öz adyňyzy, familiýaňyzy aýdyp görüň.

 

Sözleri nädip öwrenmeli? Ähli usullar bilen öwrenip bolýar, esasy netije bolsa bolýar. Käbirine telefondaky programmalar ýaraýar. Meselem, Duoling. Yene-de, resmi kurslaram hem bar (English Vocabulary in Use – Cambridge). Sözli kartlaryň fiziki görnüşi hem bar (English Vocabulary Flashcards).

 

Nädip gürläp başlamaly? Diliň esasy baza tapgyrynda eýýäm gürläp synanşsaň bolýar. Bir tarapdan, gürläp başlamagy diliň ýagdaýy ýokarlanýança garaşsaň ýalňyş bolar, ikinji tarapdan, gürleýşiňi ýokarlandyrmajak bolsaň-da gowy däl. Esasy mesele – kim bilen gürleşmeli...

 

Nädip tekstleri okamaly? Bärde hiç hili kynçylyk döremeýär. Öň eline terjimeçi kitaby alyp oturýan bolsaň, şu wagt bolsa Google Translate hemmesini halas edýär ýa-da takmynan hemmesini.

 

Merdan HAÝYTMURADOW,
Çärjew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.