Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Gyzykly /INKUBASIÝA HAÇAN DÖRÄPDIR?
  11.05.2023
1171
INKUBASIÝA HAÇAN DÖRÄPDIR?

Guşçulygyň esasy aýratynlyklarynyň biri olaryň ýumurtgalaryndan emeli usulda jüýje çykaryp bolýandygydyr. Emeli inkubasiýa ýylyň ähli möwsüminde jüýje çykarmaga we olary köpeltmeklige mümkinçilik berýär.

 

Inkubasiýa mundan 2500 ýyl öň Müsürde peýda bolupdyr. Şol döwürde bu işler bilen ruhanylar, ýagny din işgärleri meşgul bolupdyrlar. Jüýje çykarylyş usuly hiç ýerde aýdylmandyr, ol örän gizlin saklanypdyr. Ondan soňra jüýje çykarmak bilen Hytaýlylar meşgullanyp başlapdyr. Hytaýda 2000 ýyldan gowrak wagt öň, has takygy biziň eýýamymyzdan öňki  247-207-nji ýyllarda inkubator ulanypdyrlar. Hytaý inkubatory ýönekeýje bolupdyr.

 

Ýewropada hem inkubasiýa etmek üçin synanyşypdyrlar, ýöne ol netije bermändir. Ýewropada Fridrih II 1212-1250-nji ýyllarda gündogar döwletleriň inkubatoryny öwrenmek we ulanmak maksady bilen Müsüriň hünärmenlerini çagyrypdyr. Şol döwürde ýumurtgalar ýörite çörek bişirilýän peçlerde inkubasiýa edilipdir. Bularyň netijesi pes bolupdyr. 1558-nji ýylda ilkinji inkubator agaç ýaşçiklerden ýasalyp başlapdyr. Zerur bolan temperatura lampanyň kömegi bilen sazlanyp, ondan gaýdýan ýylylyk demir turbanyň üsti bilen inkubasion bölüme barýar. Bu inkubatory italýan fizigi Jiowanni Porta ýasaýar. Daniýaly mehanik Kornelis Drobellanyň XVII asyryň ikinji ýarymynda oýlap tapan inkubatory täsindir. Munda awtor özüniň ýasan termoregulýatoryny, ýagny howanyň temperaturasyny sazlaýjysyny ulanypdyr we ýylylyk çeşmesi hökmünde suwy peýdalanypdyr. Ýöne Drobellanyň oýlap tapan zady ýatdan çykarylypdyr. Müsürlileriňki ýaly edip ýewropalylaryň inkubasiýa edişindäki şowsuzlyklar olaryň inkubatoryň içindäki howany ölçäp bilmeýänligidir.

 

Ilkinji inkubatorlar örän uludy az düşewüntlidi (Fukanyň we Bonemanyň we ş.m inkubatory). Inkubator kem-kemden çylşyrymlaşdyrýan maşyna öwrülýär. Oýlap tapyjylar inkubatoryň içindäki howany öz-özünden sazlamagyň üstünde işläpdirler. Munuň üçin bolsa ýörite abzallar gerekdi. Şeýle abzallar döredilenden soň, ownuk inkubatorlaryň 60-dan gowragy döredildi. ABŞ-da 1870-nji ýylda Grawiseniň we Rankliniň  inkubatory, 1874-nji ýylda Fransiýada  «Arnu-Rulýe» inkubatory döredildi. Bu inkubatorlar Ýewropada giňden ýaýrady. Ilkinji gezek 1720-nji ýylda inkubatoryň gurluşynyň we ýasalyşynyň usullary ýazylyp çap edilipdir hem-de onda jüýje çykarylanda döredilmeli ähli şertler jikme-jik görkezilipdir. Daşary ýurtlularyň inkubasiýa degişli iş tejribeleri barada ýazylan gollanmalar 1760-njy ýylda ilkinji gezek rus dilinde çap edilipdir. Russiýada ilkinji inkubator 1808-nji ýylda ýasalypdyr. Russiýada ilkinji inkubatory işläp düzen we ýasan A.T.Bolotow bolupdyr.

 

Gülnur OTYZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.