logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /«Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry geçirildi
  01.03.2023
1021
«Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly bäsleşigiň Kaka etrap tapgyry geçirildi

«Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly bäsleşigiň Kaka etrap tapgyryna mekdeplerden gelen enaýyja gyzjagazlaryň ýigrimä golaýy gatnaşdy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilen etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen bu bäsleşikde okuwçy gyzjagazlar türkmeniň milli lybaslaryny şahyrana sözler bilen wasp etdiler, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary, Watanymyzyň ösüşlerini, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmekde öz ukypdyr başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşik zehinli çagalary ýüze çykardy. Şeýlelikde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2023» atly bäsleşigiň etrap tapgyrynda birinji orna 11-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Melek Nurmyradowa, ikinji orna 3-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýperi Meretdurdyýewa, üçünji orna 19-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ogultäç Annaýarowa mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.