logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦ ✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦
Home / Science and Education /Iň eýjejik gyzjagaz -2020
  15.02.2020
1454
Iň eýjejik gyzjagaz -2020

      Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim Ministirligi bilen bilelikde tassyklan düzgünnamasy esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Çagalar, siz berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine goşant goşmak üçin mydama döredijilik gözleglerinde bolmalysyňyz. Bilim – ukubyňyzy, zehiniňizi okuwda, aýdym-saz, sungat äleminde, çeper döredijilikde uly üstünlikleri gazanmaga gönükdirmelisiňiz we milli sungatymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmalysyňyz“ diýen sargydyndan ugur alyp mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän „Iň eýjejik gyzjagaz -2020 atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyry hem guramaçylykly geçirildi. Bäsleşige etrabyň okuwçy gyzjagazlary gatnaşdy.

     Bäsleşigiň şertlerine görä iň eýjejik gyzjagazlar öz aralarynda aýdym aýtmakda, milli egin eşigini waspetmekde, çeper okamakda  bäsleşdiler. Bu bäsleşikde emin gazalar toparyň netijesine göra etrabyň 16-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Allanazarowa Aýgül 1-njy oruna mynasyp boldy. 2-nji oruna etrabyň 17-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Nurmyradowa Nurana mynasyp boldy. 3-nji oruna bolsa etrabyň 7-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Meredowa Emine mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşan okuwçy gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşyryldy.