logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Sports /Ilkinji türkmenistanly zenan agyr atletikaçy-Ýulduz Jumabaýewa
  10.03.2021
1580
Ilkinji türkmenistanly zenan agyr atletikaçy-Ýulduz Jumabaýewa

     Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Yulduz Jumabayewa dünýä çempiony diýlip yglan edildi. Türgen bu derejä mynasyp bolan ilkinji türkmenistanly zenan agyr atletikaçydyr.

       Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika sportuna Daşoguz welaýatynda, daýysy Zeripbaý Kerimbaýewiň elinde türgenleşmek bilen geldi. Soňra paýtagtdaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde tälim alan Ýulduz häzirki wagtda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji talyby. Ýulduz 22.04.1998-nji ýylda doglan, ol karýerasynda halkara ýaryşlardaky medallaryň birnäçesini gazandy. Ilkinji medalyny 2017-nji ýylda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanan Ýulduz (bürünç medal) soňra Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem kümüş medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol 2018-nji ýylda ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda, 2019-njy ýylda Kataryň kubogynda, 2020-nji ýylda Halkara raýdaşlyk oýunlarynda medallary gazandy.

      Şu gün 10.03.2021-nji senede Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherçesinde Yulduz Jumabaýewanyň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Ýulduz Jumabaýewa Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2 sany altyn medal we awtoulag gowşuryldy.