logo

Latest news:
✦ Türkmen topary «Circus Sea Breeze» sirk toplumynda çykyş etdi ✦ ✦ Ugandanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň pawilýonynyň taslamasyny düzmek we gurmak barada halkara bäsleşik yglan edildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦
Home / Interesting /Ilkinji mata
  05.05.2023
884
Ilkinji mata

Geçirilen gazuw-agtaryş işlerinden çen tutup, taryhçylar ilkinji matalar sekiz müň ýyl mundan öň hem bar eken diýen netijä gelýärler. Şol wagtlar matalar zygyr süýüminden dokalypdyr. Gadymy Müsürde diwaryň ýüzüne çekilen suratlardan, şeýle hem şol döwürden biziň günlerimize gelip ýeten mata böleklerinden belli bolşy ýaly, adamlar mata dokamak üçin zygyr süýümini egripdirler hem-de işipdirler.

Belli taryhçy Gerodotyň belleýşi ýaly, gadymyýetde iň gymmat we arzyly sowgat mata bolupdyr. Gresiýada matalar dokalmandyr diýen ýaly. Ol ýere matalar Müsürden eltilipdir. Soňy bilen pagtadan mata dokamak ýola goýlupdyr. V-VI asyrlarda mata dokamak Angliýada we Germaniýada has ösüpdir. 1500-nji ýylda Ispaniýada 16 müň sany mata dokaýan gural bolupdyr. X-XIII asyrlarda mata dokamak ençeme ýurtlarda esasy käre öwrülipdir we söwda-da arzyly haryt hasaplanypdyr.

Taryhdan belli bolşy ýaly, geçmişde iň oňat matalar Merwde, Nusaýda dokalypdyr. Merwde dokalan matalar söwda gatnaşyklarynda esasy önümleriň biri bolupdyr. Muňa mysal edip, Merwde dokalan kenep matalarynyň tapylan böleklerini görkezmek bolar. Olar Müsüriň Kairdäki muzeýleriniň birinde saklanylýar we senesi boýunça IX-X asyrlara degişli diýip hasaplanylýar.

Orta asyr taryhçysy Juweýniniň aýtmagyna görä, «Merw Horasandaky ähli şäherlerden giň bolupdyr. Ilatyň sany nisan (aprel aýyndaky) ýagşyň damjasyna barabar bolupdyr». Şol döwürlerde Merw uly bazarly şäher hökmünde-de tanalypdyr. Alys ýurtlardan gelen täjirler Merwiň bazarlarynda söwda edipdirler. Bazarlarda türkmenleriň dokan matalarynyň hyrydarlary az bolmandyr. Merw Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Sarahs, Abiwerd, Amul, Ürgenç ýaly şäherleriň arasynda söwda aragatnaşygyny saklapdyr. Bu bolsa Merwiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine oňat mümkinçilik döredipdir. 

 

Gülnur HUDAÝNAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.