logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Syýasat /Hyzmatdaşlyk üçin berlen mynasyp baha
  15.11.2022
1097
Hyzmatdaşlyk üçin berlen mynasyp baha

Häzirki döwürde dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan, 134 ýurt bilen ykdysady hyzmatdaşlyk saklaýan, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolan Bitarap Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna hem hut şu ýörelge mahsusdyr. Döwletimiziň bähbitleriň deňeçerligine esaslanýan giň gerimli gatnaşyklary bolsa, öňi bilen, sebitleýin hyzmatdaşlykdan gözbaş alýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine amala aşyran iş sapary bu köpugurly hyzmatdaşlygyň jähetleri hakynda pikir öwürmäge, onuň oňyn netijelerine göz ýetirmäge esas berýär.

Türki dünýäniň Liderlerini bir ýere jemlän Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkant sammitini «taryhy waka» diýip atlandyrmak bolar. Onuň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň gönüden-göni doganlyk türki halklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, ýurtlarymyzyň dürli ulgamlarda özara ýakynlaşmagyna ýardam bermäge goşant goşjakdygy ikuçsuzdyr. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesinde wekilçilik edýändigine garamazdan, ähli çärelere yzygiderli gatnaşmak arkaly bu düzümiň çäginde möhüm we işjeň orny eýeleýär. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapy guramanyň gün tertibine öz mynasyp goşandyny goşýar.

Samarkant sammitiniň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň türki dünýäde ösüşiň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagyna goşan uly şahsy goşandyna berlen mynasyp bahadyr. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.