logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Hyýal güýjüňi artdyrmagyň ýollary
  27.10.2022
1287
Hyýal güýjüňi artdyrmagyň ýollary

Hyýal güýji – öz isleg-arzuwlarymyzy, içki pikirlerimizi aňymyzda janlandyrmakdyr. Has dogrusy, ýüregimizde beslän arzuw-umytlarymyzyň amala aşmagyny hyýalymyzda göz öňüne getirmek bolup, ol ýürek bilen beýniniň bilelikdäki önümidir. Elbetde, durmuşda hyýalsyz, arzuwsyz adam ýok. Aýratyn hem, çagalykda her birimiziň ýüregimizde beslän hyýallarymyz hökman bolandyr. Her bir işe başlanymyzda özümizi başarjaň, ukyply adam hökmünde göz öňüne getirsek, onda ol bize şol işi başarmak üçin ruhy taýdan güýç-kuwwat berer. Ýöne ynsan ulaldygyça, onuň hyýal güýji belli bir derejede peselip, ol hakyky durmuşa has köp ýykgyn edip başlaýar. Aslynda, hyýal güýji üstünlik gazanmaklyga barýan ýoluň başlangyjy bolup hem biler.  

Eýsem, hyýal güýjümizi kämilleşdirmek üçin näme etmeli?  

- siziň üçin manysyz ýaly görünse-de, käte adaty bolmadyk ýagdaýlary hyýalyňyzda janlandyryň;
- daş-töweregiňizde bolup geçýän wakalaryň başga taraplaryny görmäge çalşyň;
- daşary ýurt we nusgawy sazlary köpräk diňläň;
- käteler çözülmesi kyn meselelerde onuň çözgüdini öz hyýal dünýäňizde agtaryň;
- maşgalaňyz, ýakynlaryňyz bilen mümkin boldugyndan köpräk wagt geçiriň;
- durmuşda öz gowy görýän pişeleriňize wagt aýyryň; 
- başarsaňyz döredijiligiň gözleginde boluň. 


Görşümiz ýaly, hyýal güýji bu her bir ynsan üçin zerur bolan özboluşly ukyp bolup, ony ösdürmek hem kämilleşdirmek üstünlige ýetmegiň bir usulydyr. Çünki ähli ajaýyplyklar, gowy işler, haýyrly amallar ilkinji nobatda biziň aňymyzda, hyýalymyzda janlanýandyr!

 

Owadan AKYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.