Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Hytaýda «Geljege köpri-2024» atly forum geçirildi
  27.05.2024
227
Hytaýda «Geljege köpri-2024» atly forum geçirildi

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekillerinden we dürli pudaklara degişli ýaş hünärmenlerden ybarat wekiliýet Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ýaşlar ýolbaşçylarynyň Hytaýyň Sinszýan Uýgur awtonom welaýatynda we Şensi welaýatynda guralan «Geljege köpri-2024» atly forumyna gatnaşdylar.

 

Forum Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý Ýaşlar Federasiýasy tarapyndan Hytaýyň Prezidenti Si Szinpiniň Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sammitde öňe süren başlangyjy esasynda guraldy. 

 

«Geljege köpri-2024» forumynyň çäginde oňa gatnaşanlar Hytaýyň Sinszýan sebitindäki muzeýlere aýlandylar we sergilere tomaşa etdiler. Hytaý awtoulag öndürijilerinden biriniň şahamçasyna baryp, bu ýerde öndürilen awtoulaglaryň görnüşleridir gurluş aýratynlyklary bilen tanyş boldular, şeýle hem Urumçi welaýatyndaky halkara guryýer ýük portuna we halkara ýeňil senagat söwda merkezine baryp gördüler.

 

Türkmenistanyň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş ýolbaşçylary we Sinszýan Ýaşlar federasiýasynyň agzalary bilen «Ýaşyl energiýa we ýaşlar innowasiýalary» we «Ýaşlaryň gatnaşmagynda ýaşyl oba hojalygy» ýaly gepleşiklere gatnaşdylar. Bu esasy çäresinde çykyş eden türkmen wekili biziň ýurdumyzda «ýaşyl» oba hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada jikme-jik durup geçdi we iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Merkezi Aziýadan gelen ýaşlar Sinszýan oba hojalyk sergi-seýilgähine baranlarynda Hytaýda «ýaşyl» oba hojalygynyň gazananlary, täze tehnologiýalar esasynda kemala gelen ýyladyşhanalar bilen tanyşdylar.

 

«Geljege köpri-2024» forumynyň meýilnamasynda Merkezi Aziýadan gelen ýaşlary hytaý halkynyň asyrlardan gelýän medeniýeti we baý mirasy bilen tanyşdyrmagyň giň mümkinçilikleri orun alypdyr. Foruma gatnaşanlar Beýik Ýüpek ýolundaky gadymy imperator şäheri bolan Beýtiň muzeýine aýlandylar, gadymy hat-ýazuw sungaty we çeper bezeg önümlerini ýasamagyň aýratynlyklary bilen içgin tanyşdylar. Forumyň işi şu gün tamamlanýar. 

 

Jumageldi AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.