Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ynsan kalbynyň nury kitap ✦ ✦ “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Ekologiýa diplomatiýasy rowaçlanýar! ✦ ✦ Bitarap Türkmenistanyň şanly menzilleri ✦ ✦ Arkadag şäheri — bagtyň nury ✦ ✦ Iň ýaş botanika baglary ✦ ✦ Dokma önümçiligi: Aýratyn Sungat ✦ ✦ Dünýäniň iň uly gidrostansiýasy ✦ ✦ Iň uly akwarýumlar nirede ýerleşýär? ✦ ✦ Oňyn hyzmatdaşlygyň binýady – suw diplomatiýasy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekediniň işe giriziş dabarasy geçirildi
  12.09.2024
148
Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekediniň işe giriziş dabarasy geçirildi

11-nji sentýabrda Türkmen halkynyň milli lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik stansiýasynyň işe giriziş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

 

Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle hem Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund gatnaşdylar. Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekedi, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan elektrik geçiriji liniýasyny gurmak boýunça uly göwrümli taslamanyň bir bölegidir. Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe iki ýurduň halklarynyň bähbidine däl-de, eýsem, sebitdäki beýleki goňşy döwletlerdir halklaryň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşmegine hem goşant bolar. 

 

Ýurdumyz bu döredijilikli ýola yzygiderli eýerip, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli infrastruktura taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şol babatda bu waka, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hoşniýetli we doganlyk gatnaşyklaryň nyşanyna öwrüldi, parahatçylyk, abadançylyk we öňegidişlik ugrunda sebitleýin hyzmatdaşlygyň beýany bolup durýar.

 

Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.