Häzirki wagtda ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamak hem-de kiçi we orta telekeçilik taslamalaryny maliýeleşdirmek maksady bilen, köpsanly anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, dünýäniň dürli döwletleri hem-de dürli ulgamlarda uly tejribä hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri, abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar.
Biziň ykdysady we söwda hyzmatdaşlarymyz bilen gatnaşyklarymyzyň gerimi barha giňeýär, gatnaşyklar täze depgine eýe bolup, dürli derejelerde aragatnaşyklar işjeňleşýär. Soňky ýyllarda hususy kärhanalar özleri üçin bazaryň täze ugurlaryny, şol sanda daşary ýurtlarda täze ugurlary ynamly özleşdirýärler.
Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen ykdysady, medeni we ylmy aragatnaşyklarynyň ösdügiçe howa transport ugurlarynyň tory-da barha giňelýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soňra,1992-nji ýylda GDA ýurtlarynyň arasynda Türkmenhowaýollary ilkinji bolup Boing uçaryny satyn aldy.
Türkmenistan milli awiakompaniýasynyň Ahal, Hazar, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we beýleki aeraportlaryndan howa transporty, goňşy ýurtlaryň paýtagytlary we ýurduň uly şäherleri aralygyna, aýratyn-da ýolagçy daşamakda möhüm işler ýerine ýetirilýär.
Ahmet MUHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.