logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /Hususy pudakda gazanylan netijeleri giňişleýin açyp görkezýän möhüm ähmiýetli çäre
  18.03.2024
544
Hususy pudakda gazanylan netijeleri giňişleýin açyp görkezýän möhüm ähmiýetli çäre

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünlikler hem rowaçlyklar bilen nurlanýan günlerinde, ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynda gazanylan netijeleri giňişleýin açyp görkezýän giň gerimli sergi geçirildi. Munuň özi türkmen telekeçileriniň üstünliklerini we mümkinçiliklerini, bu pudagyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini doly äşgär etmek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak babatda möhüm ädim bolup çykyş etdi. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny işjeň ösdürmek, täze kärhanalarda täze iş orunlaryny döretmek boýunça maksatlar öňe sürülýär. Ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek bilen jemi içerki önümiň düzüminde hususy bölegiň paýyny artdyrmak ileri tutulýan wezipeler hökmünde kesgitlenilen. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen telekeçilerine dürli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmakda giň ýol açýar. 

 

Esasy bellemeli zatlaryň biri-de, eziz Diýarymyzda ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, ýokary netijeli innowasion özgertmeleri amal etmäge, ylmy esasda işlenip düzülen, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmeklige, ykdysady ösüşiň rowaçlanmagyna aýratyn üns berilýär. Telekeçilik, döredijilik başlangyçlaryny goldamak bilen halk milli amaly-haşam sungatynyň öňden gelýän ýörelgelerini gorap saklamak innowasion esasda barha giň gerime eýe bolýar. Ýaş dizaýnerler tarapyndan ýüpekden we ýüňden taýýarlanylan ajaýyp halylar, häzirki zaman bezeg we keşdeçilik önümleri, milli şaý-sepler, keramiki önümleriň dürli görnüşleri serginiň esasy düzümini emele getirýär. Internet arkaly söwdalaryň möçberini artdyrmak, öndürilýän harytlaryň halkara giňişlikde ornuny güýçlendirmek, elektron senagatyny döretmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmäge, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümçilige, ähli pudaklarda sanly ulgamy ornaşdyrmaga uly üns berilýär. 

 

Berkarar döwletimiziň beýik galkynyşly menzillerini, ak bagta barýan döwrüni arzuwlan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän şeýle giň möçberli sergi milli ykdysadyýetimiziň barha pugtalanýan kuwwatyny, halkymyzyň abadan durmuşyny, rysgal-bolçulygyny doly açyp görkezýär. 

 

Firuza DOSÇANOWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.