Ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynda ylym-bilim ugrundaky hyzmatdaşlyga uly orun berilýär. Ýakynda Gazagystanyň Almata şäherinde adam hukuklary we daşky gurşaw boýunça geçirilen okuw sapagy hem munuň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Oňa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hukuk hünärinde okaýan talyplaryň 40-dan gowragy gatnaşdy. Şol sanda maňa hem bu okuw sapaga gatnaşmak bagty miýesser etdi. Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Bileleşiginiň 4 ýyllyk bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde gurnalan okuw sapagy bu ugur boýunça ussat hünärmenler we mugallymlar tarapyndan alnyp baryldy. Onuň dowamynda Ýewropa Geňeşiniň geňeşçisi, hukuk meseleleri boýunça halkara derejeli hünärmen Ýewa Massa, Liwerpul Uniwersitetiniň professory Konstantin Degtýarew hem-de Ýewropa Geňeşiniň geňeşçisi, adam hukuklary boýunça Baş hukukçy Malgojata Kwendaç-Paloş biz talyp ýaşlara Ýewropa Geňeşiniň alyp barýan wezipeleri, daşky gurşawy goramak barada özleriniň tejribelik sapaklaryny geçdiler.
Howanyň üýtgemegi, onuň adamzada ýetirýän täsirleri global meseleleriň biri bolmagynda galýar. Şu nukdaýnazardan BMG-niň adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygynyň wekili, hünärmen Igor Grişkonyň bu barada ylmy maglumatlar çykyş etmegi, biz talyplaryň bolsa öz aralarynda sorag-jogaplary alyşmaklarymyz aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy. Latwiýa döwletinden saýlanan Ýewropa Kazyýetiniň adam hukuklary boýunça kazysy Martin Mits kazyýet işi bilen bagly öz tejribesini biz bilen paýlaşdy. Sapagyň dowamyna biz kazyýetde çykyş etmek ukybyny ösdürmek bilen bagly berlen berlen ýumuşlary hem ýerine ýetirdik, toparlaýyn görnüşde bäsleşikdik. Şunda meniň gatnaşmagymdaky toparyň ýeňiji bolandygyny buýsanç bilen bellemek isleýärin.
Saýlap alan hünärimiz boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerimiz ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklarymyzy bildirýäris.
Umyt ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.