Özygtyýarly döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolan Konstitusiýa, halkymyzyň bitewülik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk we adalatlylyk baradaky köpasyrlyk arzuwlaryny şöhlelendirýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň gurulmagy onuň ösüşiniň ähli tapgyrlarynda jemgyýetçilik durmuşynyň ulgamlarynyň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagy bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi milli kanunçylyk binýadynyň pugtalanmagyna getirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen aýrylmaz baglydyr. Şundan ugur alyp, nesilleri halkymyzyň asylly däpleri esasynda terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýaşlaryň arasynda hukuk medeniýetiniň ösdürilmegi häzirki döwrüň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ata Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar. Ýaş maşgalalar üçin durmuş ýeňillikleri giňeldilýär. Olara goldaw bermek, döwrebap ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, hünäre ugrukdyrmak bilen bagly zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişi, oňa ýaşlaryň gatnaşygy bilen baglanyşykly maglumatlar metbugat neşirlerinde çap edilýän makalalarda, tele we radio gepleşiklerde, internet habarlarynda öz kämil beýanyny tapýar.

Häzirki wagtda ýurdumyz özüni dünýä giňişliginde demokratik jemgyýeti ösdürmäge gyzyklanma bildirýän döwlet hökmünde tanatdy. Bu bolsa umumy ykrar edilen adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginiň halkymyzyň ruhy hem-de medeni gymmatlyklaryna laýyk gelýändigini, jemgyýetiňdir döwletiň ösüşinde öňe gidişligi şertlendirýändigini aňladýar.
Şirnazar BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky gozgalmaýan emläge bolan
hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan
bellige alynmagy baradaky gullugyň
Daşoguz welaýat müdirliginiň
Boldumsaz etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.