Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi
  19.09.2024
214
Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi

Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 700 - den gowrak ýaşlar gatnaşdy.

 

Maslahaty Türkmenistanyň hökümeti BMG - niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanalary we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilelikde geçirdi.

 

Maslahat Howanyň üýtgemegi boýunça Ýaşlar maslahatynyň (COY 19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň (COP 29) 29-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilip, onda ýaş nesliň howanyň üýtgemegi, onuň durmuş - ykdysady ösüşe, ekologik durnuklylyga we bioköpdürlilige ýetirýän täsiri barada habarlylygyny ýokarlandyrmagy, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga we netijelerini azaltmaga ýardam berýän innowasion çözgütleri ornaşdyrmakda umumy çemeleşmeleri işläp düzmek maslahatlaşyldy.

 

Bu ýyl maslahat Türkmenistanyň sebitlerini hem öz içine aldy. Şunuň bilen baglylykda sebitleýin maslahatlar Daşoguz, Balkanabat, Mary, Türkmenabat şäherlerinde we Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda geçirildi. DÖM-iň ýaş ilçileri we işjeň raýatlar ýaşlar bilen duşuşmak arkaly has işjeň gatnaşyjylara jemleýji maslahatda öz taslamalaryny hödürlemäge we pikir alyşmaga mümkinçilik döretdiler. Maslahatyň jemleýji bölümçesinde işçi toparlaryň ýolbaşçylary howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly Ýaşlar ýol kartasyna girizilen anyk teklipleri berdiler. Bu teklipler COY 19-da we COP 29-da hödürlenjek Türkmenistanyň Ýaşlar beýannamasynyň jemleýji nusgasyna giriziler.

 

Daýanç Çopanow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby.