Ýurdumyzyň dünýäde özara düşünişmegi, ysnyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. 5 – 7-nji iýul aralygynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza amala aşyran iş sapary-da bu ugurda ädilen täze möhüm ädimleriň biri boldy. Bu sapar Türkmenistanyň BMG bilen ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gatnaşyklarda özboluşly täze tapgyr hökmünde amala aşyryldy.
Saparyň ikinji gününde — 6-njy iýulda hormatly Prezidentimiz bilen BMG-niň Baş sekretary A.Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşyk Türkmenistan bilen BMG-niň toplumlaýyn strategik dialogynyň dowam etdirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Onuň esasy kesgitleýji häsiýeti bu abraýly guramanyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň Türkmenistanyň milli bähbitlerine doly derejede laýyk gelýändiginden ybaratdyr.
Gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz ýokary derejeli myhmany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglady. Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilýän ýylynda döredilen bu medalyň ilkinji gezek Milletler Bileleşiginiň ýolbaşçysyna gowşurylandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Antoniu Guterrişe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli döredilen sowgatlyk
nyşany we “Magtymguly” kitabyny sowgat berdi. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy ýokary hormat-sarpa üçin minnetdarlyk bildirip, Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, filosofik pikirleriniň ähmiýeti dogrusynda öz garaýyşlaryny beýan etdi.
Güljahan Bäşimowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
I ýyl talyby.