Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Hindistanyň ilçisi ýurdumyzdaky ekologiki çärä gatnaşdy
  19.09.2024
198
Hindistanyň ilçisi ýurdumyzdaky ekologiki çärä gatnaşdy

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda bag ekmek boýunça nobatdaky aksiýa geçirdi. Bu gezekki ekologik aksiýa Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda geçirildi.

 

Bag ekmek çäresine Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagat D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory Maksat Çaryýew bilen bilelikde gatnaşdy.

 

Bu çäre Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň planetanyň ýaşyl geljegini döretmek we Hindi gününi bellemek baradaky başlangyjyny goldamak maksady bilen geçirildi. Mundan ozal ilçi Madhumita Hazarika Bhagatyň gatnaşmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bag ekmek çäresiniň geçirilipdi.

Daýanç Çopanow
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby.