Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň Garaşsyzlygy agzybirligiň, bitewiligiň nyşany ✦ ✦ Paýtagdymyzda Tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş başlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň ilçisi Hytaýda okaýan türkmen talyplary bilen dușuşyk geçirdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Tejen etrabynda woleýbol ýaryşy geçirildi ✦ ✦ Çeper eser okamagyň peýdasy ✦ ✦ Halkara gimnastika federasiýasynyň başlygy Türkmenistana geldi ✦ ✦ Oleg Kononenko ýere dolanmaga taýynlanýar ✦ ✦ Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerine bagyşlanan halkara maslahaty we sergisi geçiriler (ITTC 2024) ✦ ✦ Tejen etrabynda “Ak kerwen” dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Hindistan plastik galyndylaryny taşlamak boýunça dünýä reýtiniginde birinji orny eýeledi
  12.09.2024
50
Hindistan plastik galyndylaryny taşlamak boýunça dünýä reýtiniginde birinji orny eýeledi

Hindistan plastik galyndylary zyňmagyň möçberi boýunça dünýäde birinji orna çykdy. Ýurt ýylda 9,3 mln tonna plastik galyndyny zyňýar, bu bolsa global görkezijiniň tas bäşden bir bölegine deňdir.

 

Ylmy gözlegiň awtorlary absolýut aňlatmada plastik zyňyndylaryň iň uly möçberiniň Günorta Aziýa, Saharadan günortadaky Afrika we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda hasaba alynýandygyny belleýärler.

 

Hindistandan soň ikinji orny Nigeriýa eýeleýär (3,5 mln tonna), onuň yzyndan Indoneziýa (3,4 mln tonna) we Hytaý (2,8 mln tonna) gelýär.

 

Alymlaryň pikiriçe, Hindistanyň resmi statistikasy oba ýerleri, ykdysadyýetiň resmi däl pudagy tarapyndan gaýtadan işlenen zibiller, şeýle-de açyk ýakylan galyndylar barada maglumatlary öz içine alman biler.Ylmy gözleg Hindistanda plastik zyňyndylaryň tas 53%-iniň galyndylary ulanmak ýa-da gaýtadan işlemek üçin ýygnalmaýan 255 mln adam toparyndan gelýändigini görkezýär. Galan zyňyndylaryň uly bölegi (38%) zir-zibil dökülýän ýerlerde zibilleri ýakmagyň paýyna düşýär.

 

Kümüş Öwezmyradowa 
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.